Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýaş diplomatlar üçin okuw geçirýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýaş diplomatlar üçin okuw geçirýär

1 — 10-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurduň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet işgärleri üçin okuw geçirilýär.

Bu okuw, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň Edarasy we BMG-nyň Sekretariatynyň Syýasy we parahatçylyk dörediji işler boýunça bölümi (DPPA) bilen bilelikde guraldy. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bu çäräniň maksady, BMG-niň ulgamynyň işleri barada habardarlygy ýokarlandyrmak we halkara gatnaşyklary pudagynda hünär endiklerini ösdürmek.

Bu okuwa Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň 20 sany ýaş wekili gatnaşýar.

Okuwyň iňlis dilinde Türkmenistana ýörite gelen halkara hünärmenleri tarapyndan geçirilýändigini bellemelidir. Mundan başga-da, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň Edarasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň we BMG ulgamynyň Türkmenistandaky beýleki agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri ýaşlaryň öňünde leksiýalar bilen çykyş edýärler.

Ýene degişli makalalar

Aýdymçy zenan Teýlor Swift ýene ýer titreme döretdi
Merkel BMG-de işlemek barada teklipden ýüz öwürdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Germaniýada Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 81 Adama Ýetdi
Daşary ýurt metbugatyna syn
Germaniýada ýaragly hüjüm guraldy