2021-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň gatnaşmagynda “Akina Andhoý” beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň açylyş, Ymamnazar (Türkmenistan) Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we üstaşyr akymlary hem-de Kerki (Türkmenistan) Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisini işe girizmek dabaralaryna bagyşlanan metbugat brifingi geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow bu taslamalary Owganystany sebitleýin we halkara ykdysady prosesslere yzygiderli birikdirmäge, bu ýurdy kontinental ulag-logistika aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmaga ugrukdyrylan amaly ädimler hökmünde häsiýetlendirdi. Şeýle hem öz geoykdysady we geosyýasy ähmiýetliligi bilen sebit çäklerinden çykmak bilen, Türkmenistanda we Owganystanda infrastruktura desgalarynyň gurulmagynyň türkmen we owgan çäklerinde Merkezi we Günorta Aziýany Ýewropa we Ýakyn Gündogar bilen birikdirýän ulag-kommunikasiýa aragatnaşygynyň hem-de kontinental derejede energiýa üpjünçiliginiň täze zolagynynyň emele getirýändigini aňladýandygy hakynda belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygynyň bir bitewi uzakmöhletleýin döwlet strategiýasyny düzýän hem-de bu ýurda toplumlaýyn syýasy-diplomatik we ykdysady kömegi bermäge gönükdirilen pozisiýasynyň üýtgewsizdigini tassyklady. Şular ýaly hyzmatdaşlygyň esasynda iki doganlyk halklaryň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk taryhy däplerine bolan direg; Owganystanyň sebit we kontinental durnuklylygyň, howpsuzlygyň aýrylmaz we wajyp bölegi bolup durýanlygy; owgan halkynyň we ýolbaşçylarynyň kynçylyklary ýeňip geçmek hem-de ýurtda parahatçylyga, ylalaşyga, onuň ykdysady ösüşine ýetmek ukybyna bolan berk ynamyň durandygyny Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow nygtady.
Brifingiň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri daşary ýurt habarlar agentlikleriniň, hususan-da News Central Asia (Pakistan), TRT (Türkiýe) we Agence France Press (Fransiýa) wekilleriniň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarynyň, şeýle-de ýerli KHBS-niň wekilleriniň soraglaryna jogap berdi.