Türkmenistanyň Daşary işler ministri Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy bilen duşuşdy

5-nji dekabrda RF-ne iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy Grigoriý Karasiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Russiýa tarapy, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki hyzmatdaşlygyň ruhunda ösýändigini belläp, Russiýanyň mejlisiniň ýokary palatasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň ikinji Parlamentara forumyny taýýarlamak we geçirmek üçin bilelikdäki işe bil baglaýandygyny aýtdy.

Raşid Meredow kanun çykaryjylaryň türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan goşandyny nygtady we möhüm tejribe toplanan halkara guramalarynyň çäklerinde bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegini goldady.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklar aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar we türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegi, Döwlet rus drama teatrynyň täze binasynyň gurulmagy we A.S.Puşkin adyndaky mekdep üçin goşmaça binanyň gurulmagy ýaly meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Russiýa Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny guramak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi, Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy we beýleki habarlar
15-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Kasymguly Babaýew Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary K.Kosaçýow bilen duşuşdy
Moskwa: "Ukrainaly 700 müň çaga Russiýada" diýdi
КАСЫМГУЛЫ БАБАЕВ И КОНСТАНТИН КОСАЧЁВ ОБСУДИЛИ ВОПРОСЫ МЕЖПАРЛАМЕНТСКОГО ВЗАИМОДЕЙСТВИЯ ТУРКМЕНИСТАНА И РОССИИ