Türkmenistanyň Daşary işler ministri Pakistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Pakistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna sapary başlandy. Saparyň meýilnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşantlary üçin özüniň hormatyny we hoşallygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň DIM-i

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň, Hindistanyň, Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi
R.Meredow Pakistanyň federal nebit ministri bilen duşuşdy
Raşid Meredow Eýranyň täze saýlanylan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar
Türkmenistanyň Baş diplomaty Eýranyň Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar
Pezeşkian kasam kabul etdi