Türkmenistanyň daşary işler ministri Er-Riýadda birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Er-Riýadda birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi

Ozal habar berşimiz ýaly, Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Aýlagdaky arap döwletleriniň Merkezi Aziýanyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň daşary işler ministrleriniň strategik dialogynyň birinji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Saparyň çäklerinde R.Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen Oman Soltanlygynyň daşary işler ministri Saýýid bin Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidiniň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan türkmen-oman hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Omanyň hem-de Kataryň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Işçi komitetiniň işiniň işjeňleşdirilmeginiň örän möhümdigi bellenildi.

Raşid Meredow saparyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Halifa Şahin Al-Marar bilen hem duşuşdy.Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändikleri beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylda Abu Dabi şäherinde geçirilmegi barada maslahat edildi.

Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al-Zayani bilen geçiren duşuşygynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn ysnyşykly gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar öň gazanylan ylalaşyklary hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Katar Döwletiniň daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al-Tani bilen hem duşuşdy.

Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady bilen ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Şeýle hem, taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň derwaýyslygy nygtaldy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Kuweýt Döwletiniň daşary işler ministri, Kuweýt Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça Döwlet ministri Şeýh Ahmed Nasser Al Mohammed Al Sabah bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seredip geçdiler. Ýola goýlan netijeli dialogy mundan beýläk hem ösdürmekde özara gyzyklanmalaryny belläp, taraplar ykdysadyýet we maýa goýum ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen geçiren duşuşygynyň barşynda taraplar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da giňeltmegiň zerurlygy beýan edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Saud Ösüş gaznasynyň baş ýerine ýetiriji direktory (CEO) Sultan bin Abdulrahman Al-Marshad bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar energetika, gaz himiýasy senagaty, oba we suw hojalygy hem-de saglyk saklaýyş ulgamyndaky ösüş boýunça maýa goýum taslamalaryna degişli meseleleri maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Daşary Işler Ministri Fidan Saud Arabystanynda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Türkmenistanda Kataryň Medeniýet günleriniň geçirilmegi maslahatlaşyldy
30 emin jürlewük çalar
“Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynyň wise-çempiony
AFK-nyň KUBOGYNYŇ 15nji FINALY
FIFA 2018 Dünýä çempionatyna tarap AFRIKANYŇ ILKINJI WEKILI