16-njy oktýabrda türkmen wekiliýetiniň Pakistana amala aşyran saparynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň federal energetika ministri Musadik Masud Mälikiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini, hususan-da, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan - Owganystan - Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan taraplar sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ykdysady ösüşe itergi bermekde we gatnaşyjy ýurtlaryň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda iri taslamalaryň strategiki ähmiýetine ünsi çekdiler.
TOP elektrik geçirijisiniň we TOPH gaz geçirijisiniň Pakistanyň senagat elektrik zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda möhüm orun eýelejekdigi bellenildi.
Taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen peýdalanyljak ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işiň tamamlanmagynyň ähmiýetine üns çekildi. Şeýle hem türkmen we pakistan taraplarynyň energetika pudagynda bilelikdäki hereketleri üçin "Ýol kartasyny" düzmek teklip edildi.
Taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen yzygiderli gatnaşyklary alyp barmak babatynda ylalaşdylar.