Türkmenistanyň daşary işler ministri BAE-de birnäçe duşuşyklary geçirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri BAE-de birnäçe duşuşyklary geçirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýyň elektrik we suw üpjünçilik Departamentiniň (DEWA) dolandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 12-nji fewralda bolan duşuşykda taraplar suw hojalygy, elektrik energiýasy pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we onuň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň wajyp ugry hökmünde kesgitlenildi.

Şol gün Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerinde R.Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy diýlip, habarda bellenilýär.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň degişli döwlet edaralarynyň arasynda nebit senagatynda gatnaşyklary ösdürmegiň, şeýle hem bu pudakda BAE-iň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, iki döwletiň Baştutanlarynyň derejesinde gazanylan ylalaşyklara esaslanyp, taraplar olary durmuşa geçirmegiň anyk ädimlerini maslahatlaşdylar we bu ugurda ýakyn geljek üçin edilmeli işleri beýan etdiler.

Duşuşyga Abu-Dabiniň geljegiň energiýasy boýunça kompaniýasynyň (MASDAR) baş ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamil Al-Ramahi hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we ADNOC gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
“Türkmengaz” we ADNOC hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar
07.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlaýarlar
07.05.2019 | Döwlet Baştutanynyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Nebit rezerwuaryny gurýar
Nebit rezerwuaryny gurýar