
5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi Metýu Stiwen Klimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda häzirki zaman halkara we sebit ähmiýetli birnäçe mowzuklar boýunça hem-de, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.