Türkmenistanyň çagalary we ýetginjekleri üçin Halkara işewürlik mekdebi MiniBoss elýeterli boldy

Türkmenistanyň çagalary we ýetginjekleri üçin Halkara işewürlik mekdebi  MiniBoss elýeterli boldy

Aşgabatdaky Iş Nokady iş merkezi çagalar we ýetginjekler üçin işewürlik biliminde dünýä meşhur 1-nji markanyň MiniBoss Business School atly halkara işewürlik mekdebiniň Türkmenistandaky resmi wekili boldy.

MiniBoss Business School bu Garwardyň bir görnüşi bolup, 6 ýaşdan 16 ýaşa çenli çagalara telekeçiligi öwredýän we olaryň ähli mümkinçiliklerini açýan dünýädäki ýeke-täk çagalar işewürlik mekdepleriniň ulgamydyr.

MiniBoss Business School atly halkara işewürlik mekdebiniň wezipesi karar bermäge we düýpli pikirlenmäge ukyply ýolbaşçylary ösdürmeklikdir. Durmuşda örän köp üstünlik gazanan telekeçileriň ykbal ýoluna ser salsaň, olaryň çagalykdan işewür bolmaklyk arzuwyny maksat-myrada öwürmeklik üçin tutanýerlilik görkezendiklerine, bu babatda zerur hünärleriniň binýadyny çagalyk döwründe goýandyklaryna anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar.

MiniBoss Business School atly halkara işewürlik mekdebiniň esasy artykmaçlyklaryndan biri hem, örän amatly we çeýe okuw meýilnamasynyň bolmaklygydyr. Bu ýerde sapaklar özbaşdak we onlaýn formatda geçirilýär.

MiniBoss Business School atly halkara işewürlik mekdebi näme öwredýär? 8 ýylyň dowamynda çagalar telekeçilik endiklerini özleşdirýärler, bilimlerini üstünlikli taslamalara öwürmegi, bir toparda işlemegi, işewürlik gatnaşyklaryny gurmagy we işewür pikirleri döretmegi öwrenýärler. Işewürligi meýilnamalaşdyrmak we kärhanany dolandyrmak, prezentasiýalar döretmek hem işlemek we ş.m boýunça tälim alýarlar.

Telekeçilik boýunça dünýä çempionaty her ýyl MiniBoss Business School atly halkara işewürlik mekdebinde geçirilýär. Ýeke-täk (unikal) MiniBoss usulyýeti aşakdaky başlangyç bilimleri öz içine alýar: interaktiw oýunlary, toparlaýyn oýunlar, ussatlyk sapaklary, iş oýunlary, kompýuter synaglary, işewürlik festiwallary, işewürlik inkubatorlary, başlangyç forumlary, hünär karty, başlangyçlarda milli çempionat, dünýä çempionaty, halkara işewürlik, işewürlik gezelençleri, halkara maşgala lagerleri we başgalar.

Türkmenistandaky MiniBoss Business School atly halkara işewürlik mekdebiniň müdiri Jemile Kerimowa:

Türkmenistanyň çagalarynyň hem işewürlik ugrundan okap, halkara çempionatlaryna gatnaşyp, ýurdumyzyň baýdagy astynda ýeňiş gazanyp biljekdigine begenýärin. - diýip belledi.

Her ýyl bir okuwy gutarandan soň, uçurymlar sekiz ýyllyk okuwdan soň halkara şahadatnamasyny geljekde dünýäniň iň gowy uniwersitetlerine gapylary açyp biljek, işewürlik boýunça Beýik Britaniýanyň halkara diplomyny alarlar.

Türkmenistandaky MiniBoss Business School atly halkara işewürlik mekdebinde eýýäm okuwa kabul edişlik başlandy.

Türkmenistandaky MiniBoss Business School atly halkara işewürlik mekdebi bilen habarlaşmaklyk üçin telefon belgi: + 9931246-81-65.

Türkmenistandaky MiniBoss Business School atly halkara işewürlik mekdebi barada has giňişleýin maglumaty ashgabat.miniboss-school.com web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Türkmenistandaky MiniBoss Business School atly halkara işewürlik mekdebiniň instagram hasaby: @miniboss_ashgabat

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Merkezi bankynyň başlygy ilkinji gezek zenan boldy
Garward ABŞ-nyň iň baý uniwersiteti boldy
Gruziýanyň uçar ýangyjy boýunça importynyň 44,1%-i Türkmenistanyň paýyna düşýär
Türk Uçarmansyz Howa Ulaglary ABŞ-nyň Gün Tertibinde
Aşgabatdaky City Business School mowzuklaýyn işewürlik ertirligini guraýar
Hökümet suwsuz kösenýän paýtagty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin täze desga gurmakçy
Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar