Paýtagtymyzyň sport mekdeplerinde türgenleşýän ezber boksçularyň altysy Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen halkara ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Halkara ýaryş Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň dürli şäherlerinden 80-den gowrak boksçynyň gatnaşmagynda geçirildi. Şunda ýaryşa Türkmenistandan alty türgeniň gatnaşyp, olaryň ählisiniň baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny aýratyn nygtamak gerek.
Olardan Aşgabat şäherindäki 78-nji orta mekdebiň okuwçysy Ismail Gurbanberdiýew 57 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Hormat münberiniň ikinji basgançagyna türkmen türgenleriniň ikisi çykdy. Has takygy, 46 kilograma çenli agram derejesinde Aşgabat şäherindäki 52-nji orta mekdebiň okuwçysy Hangeldi Lukmanow bilen paýtagtdaky 82-nji orta mekdebiň okuwçysy Şanur Artykbaýew kümüş medala mynasyp boldy.
Şanur Artykbaýew bilen bir mekdepde okaýan Mekan Sabyrow 51, 78-nji orta mekdepden Sapargeldi Nurýagdyýew 67, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçysy Mustapa Muhammetberdiýew bolsa 92 kilogramdan ýokary agram derejesinde bürünç medalyň eýesi boldular.