Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili WIPO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy

2-nji iýulda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň (UNOG) ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýew bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) Baş direktory Daren Tangyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen WIPO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.

Hususan-da, intellektual eýeçilik pudagyna degişli Türkmenistandan hünärmenleri taýýarlamakda, bu ugurda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde, şeýle hem Türkmenistanyň BSG-ä girmeginiň çäklerinde tehniki kömegi bermekde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri bellenildi.

Ýene degişli makalalar

WIPO ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär
Türkmenistan BSG-e girmek babatda Özbegistanyň tejribesini öwrenýär
Ikinji möhlete saýlandy
Täze Görnüş Korowawirusa Ýolukýanlaryň Sany Artýar
BSGG täze ýokanjyň döremek howpy barada duýdurdy
BSGG: güýçli ses saglyk üçin zyýanly