Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň ispan dilindäki resmi web-saýty işe girizildi

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň ispan dilindäki resmi web-saýty işe girizildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ispan dilindäki resmi web-saýty işe girizildi. Bu barada wekilhananyň resmi saýtynda habar berildi.

Bu okyjylara yzygiderli Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada ispan dilinde maglumatlary almaga, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we BMG-niň çäklerinde ýurduň başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistan bilen Latyn Amerikanyň we Karib sebiti ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi bilen tanyşmaga ýardam eder diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Braziliýadaky, Wenesueladaky we Kubadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup durýar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Olimpiýa oýunlary syýahatçylaryň sanyny artdyrdy
Ýabany haýwanlaryň sany 50 ýylda 73 göterim azaldy
BMG: 45 ýurt azyk kömegine mätäçlik çekýär
15 ýurt BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşine saýlandy
Günorta Afrikada BRIKS sammiti açylýar
ZSL: Dünýäde ýabany haýwanlaryň sany 50 ýylda 73 göterim azaldy