Ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze, 2017-2018-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Döwletimiz ýaşajyk türkmenistanlylaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy, eziz ýurdumyza mynasyp gulluk etmek üçin ähli şertleri döredýär.
Şu maksatdan ugur alnyp, Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, etraplarda we obalarda dünýä ölçeglerine kybap gelýän täze orta okuw mekdepleriniň, mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň hem-de sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň onlarçasy gurulýar we ulanmaga berilýär. Olar döwrebap enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýär.
Ine, şu gün hem täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanylyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Olara Mejlisiň deputatlary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda her biri 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň birbada üçüsiniň hem-de Köşi ýaşaýyş toplumynda her biri 720 orunlyk mekdepleriň ikisiniň açylmagy hakyky baýramçylyga öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary hem Bilimler we talyp ýaşlar gününi giňden hem-de dabaraly ýagdaýda belläp geçdiler.
Sarahs etrabynda her biri 720 orunlyk täze orta mekdepleriň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar boldy.
Halkara ölçeglerine laýyklykda enjamlaşdyrylan synp otaglary okuwçylaryň ygtyýaryndadyr. Synp otaglarynda hem-de tejribehanalarda interaktiw okuw üçin ornaşdyrylan enjamlar biologiýa, fizika, himiýa, matematika, geografiýa derslerini we beýlekileri içgin öwrenmäge ýardam eder. Lingafon otaglaryň iň täze tehnikasy çagalara sapaklary doly özleşdirmäge hem-de daşary ýurt sözleriniň aýdylyşyny öwrenmäge mümkinçilik berer.
Mekdeplerde okuwçylaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň döredijilik ukyplarynyň hem-de zehinleriniň açylmagy üçin hem ähli şertler döredildi. Umumybilim berýän orta mekdepleriň binalarynda aýdym-saz bilen meşgullanmak üçin niýetlenen otaglar, sport we mejlisler zaly, zähmet sapagyny geçmek üçin otaglar bar. Mekdepleriň ählisinde zerur okuw we çeper edebiýatlar bilen üpjün edilen kitaphanalar işlär.
Okuw mekdepleriniň ilkinji iş gününde çagalaryň şadyýan sesleri ajaýyp sport zallarynda, sportuň toparlaýyn görnüşleri üçin niýetlenen açyk meýdançalarda ýaňlandy. Umumybilim berýän orta mekdepleriň her birinde lukmançylyk otaglary we naharhanalar hem bar. Täze mekdepleriň ähli binalarynda mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin has oňaýly şertler döredildi.
Bilim ojaklarynyň her biriniň howlusynda ýörite dynç alynýan ýerler göz öňünde tutuldy we ýaş agaç nahallary oturdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndan ýurdumyzyň birinji synp okuwçylaryna netbuklaryň gowşurylmagy şu gün mekdepleriň bosagasyndan ilkinji gezek äden körpeleriň durmuşynda şatlykly waka boldy.
Paýtagtymyzyň Köşi ýaşaýyş toplumynda her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň ikisiniň açylmagy körpelere ajaýyp sowgat boldy.Mekdep ýaşyna çenli edaralaryň iki gatly binalarynda çagalaryň sazlaşykly terbiýelenmegi, hemmetaraplaýyn ösmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredildi.
Her ýaşdaky toparlar üçin amatly oýun we ýatakhana otaglary, synp otaglary, şol sanda mekdep ýaşyna çenli bilim ulgamy bilen üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter otaglary göz öňünde tutuldy.
Çagalar baglarynyň çeper bezeginde diwarlaryň ýüzüne çekilen dürli mowzukdaky suratlar ulanyldy.Howlularyň ähli ýerinde dynç almak üçin niýetlenen telärlerde hem-de meýdançadaky oýnalýan ýerlerde ertekilerdäki gahrymanlaryň hem-de dürli haýwanlaryň täsin şekilleri ornaşdyryldy.
Döredijilik zehinlerini ösdürmek maksady bilen, bu ýerde aýdym-saz we tans bilen meşgullanmak üçin ýörite zallar göz öňünde tutuldy. Çagalaryň saglygyny berkitmek üçin bolsa sport-oýun meýdançalary, şol sanda açyk asmanyň astyndaky meýdançalar enjamlaşdyryldy.
Abadanlaşdyrylan howluda ýaş agaç nahallary oturdyldy, dynç almak üçin saýawanly ýörite telärler we dürli çäreler geçirmek üçin niýetlenen desgalar gurnaldy. Ýyly we arassa suwly suwa düşülýän howuz tomus günlerinde çagalaryň wagtyny şadyýan geçirmegi üçin aýratyn ähmiýete eýedir.
Täze desgalaryň her birinde tehniki bölüm göz öňünde tutuldy.Onda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen aşhana otaglary, egin-eşik ýuwulýan hem-de ütük edilýän otaglar, lukmançylyk otagy ýerleşýär.
Umuman, mekdeplerde we mekdep ýaşyna çenli edaralarda döredilýän ajaýyp şertler bilim işgärlerine, terbiýeçilere hem-de mugallymlara ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemek we okatmak işinde öz ukyplaryny hem-de bilimini doly derejede ulanmaga ýardam eder.
Şu gün täze mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda çagalaryň mynasyp terbiýelenmegine we ösmegine uly üns berilýändigini nobatdaky gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Şu günki täze desgalaryň açylyş dabaralary ählihalk baýramçylygyna mahsus ruhubelent ýagdaýda geçirildi we olarda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy hem-de joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.
Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin döredijilik babatda özleriniň ukyplaryny görkezmegi we köpugurly zehinlerini ýüze çykarmagy üçin giň mümkinçilikler açylýar.Bu ugurda görülýän toplumlaýyn çäreler, ilkinji nobatda, netijeli okuw-terbiýeçilik işi, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakyky watançylary terbiýelemek üçin netijeli işler amala aşyrylýar. Ýakyn geljekde ýaş nesillerimiz ata Watanymyzy ösüşiň täze sepgitlerine çykarmak üçin möhüm wezipeleri çözmeli bolarlar.
Dabaralara gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmegiň garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ösüp gelýän nesil barada ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de milli Liderimize berk jan saglyk we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.