Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň wekilleri bilen duşuşdylar

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň wekilleri bilen duşuşdylar

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň wekilleri bilen iş saparynyň çäginde duşuşdylar. Duşuşyk Hytaý Halk Respublikasynyň Çanşa şäherinde geçirildi. Türkmen wekiliýeti iş saparynyň barşynda Hunan söwda hünär institutynyň ýolbaşçylary bilen resmi duşuşyk geçirip, iki ýurduň arasyndaky bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy T.Gulamow hem-de guramanyň işjeň agzasy Ý.Tuwakow gatnaşdylar.

Duşuşykda taraplar hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen bagly tejribeleri paýlaşmak boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem, Türkmenistanyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Hunan welaýatynyň Szýunsin daşky gurşawy goramak aksioner jemgyýetine baryp, kompaniýanyň iş prosesi bilen ýerinde tanyş boldular.

Bu saparyň dowamynda kompaniýanyň täze tehnologiýalary ornaşdyryş tejribesi we işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen baglanyşykly anyk maglumatlar alyndy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri iş saparynyň barşynda gazanylan tejribeleri we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ýurdumyzyñ bilim ulgamyna girizmek boýunça anyk meýilnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen birnäçe taslamalary hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu duşuşyk iki ýurduň arasyndaky bilim we tehnologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine uly itergi berer diýip garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Ýokary tizlikli otlular üçin ugurlar
Malaý edebiýaty
08.01.2018 | Türkmenistandan Eýrana synag gatnawyny amala aşyrýan konteýner ýük düzümi geçdi
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny polat görnüşinde dikeldýär
18.01.2018 | Türkmenistan Aziýanyň demir ýol ulgamyna möhüm halka hökmünde goşulyşýar