Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Türkiýede iş saparynda boldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Türkiýede iş saparynda boldy

27 — 30-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýaşlar we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2024 — 2026-njy ýyllarda ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk hakynda Hereketler meýilnamasynda beýan edilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň garamagyndaky Türk dil guramasynyň, Ankara uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministrliginiň işleri bilen tanyşdyryldy. Duşuşyklar Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministrliginiň Halkara guramalar we halkara gatnaşyklar Baş müdirliginiň guramagynda geçirildi.

Iş saparynyň çäklerinde 28-nji maýda Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýaş alymlary taýýarlamak işlerini kämilleşdirmek we işjeňleşdirmek wezipesi boýunça Türkiýäniň Türk Dil Kurumy guramasynyň edara binasyna baryp görüldi.

Guramanyň başlygy professor Osman Mert bilen bolan duşuşykda iki halkyň öz taryhy we medeni köklerini örän gadymdan alyp gaýdýandygy, köp sanly özboluşlylyklaryň, iki halkyň dillerinde hem köp sanly umumylyklaryň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda türki dilleriň taryhyny öwrenmegiň, bu babatda bilelikde ylmy işleri alyp barmaga ýaş alymlary çekmegiň derwaýysdygy bellenip geçildi.Guramanyň başlygy türki dilleri öwrenmek meselesi boýunça Türkmenistanyň degişli ylmy edaralary hem-de ýaş alymlary bilen işleri işjeňleşdirmegiň, bilelikdäki ylmy işleri alyp barmagyň, simpoziumlary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmegiň hem-de bu ugurdaky täze maglumatlary, kitaplary we beýleki ylmy neşirleri paýlaşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda guramanyň başlygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitabynyň türk diline terjime edilen neşiri sowgat edildi hem-de geçirilen pikir alyşmalaryň iki ýurduň arasynda ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejelere ýetirmekde möhüm ädim bolup hyzmat etjekdigine uly ynam bildirildi.

Şol gün günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýetiniň agzalary Türkiýäniň paýtagty Ankara şäheriniň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Ankara uniwersitetine baryp gördüler.Ankara uniwersitetiniň dil, taryh we geografiýa fakultetiniň häzirki zaman türki dilleri we edebiýatlary bölüminiň mugallymlary professor Berdi Saryýew hem-de bölümiň günorta-günbatar oguz dilleri we edebiýatlary bölümçesiniň ýolbaşçysy professor Melek Erdem bilen duşuşyk geçirildi.

Professor myhmanlary uniwersitetde türkmen dilini öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.Soňra professor B.Saryýewiň ýolbaşçylygynda Ankara uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen söhbetdeşlik guraldy.Söhbetdeşligiň barşynda talyp ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, okuwlary, häzirki wagtda alyp barýan ylmy işleri barada sorag-jogap alşyldy.

29-njy maýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministrliginiň degişli wekilleri bilen duşuşygy boldy.Onuň gün tertibine laýyklykda, günüň birinji ýarymynda ministrligiň ýaşlar hyzmatlary Baş müdirliginiň işi we Türkiýe döwletiniň ýaşlar we sport syýasatynyň döwlet düzgünleşdirilişi, döwlet kadalaşdyrylyş mehanizmi bilen tanşyldy. Şeýle hem Türkmenistandan gelen wekilleriň çykyşlary uly gyzyklanma bilen diňlenildi.

Duşuşykda prezentasiýalarda görkezilen maglumatlaryň käbirleri boýunça içgin durlup geçildi we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak babatda pikir alşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda ministrligiň Bilim, gözleg we utgaşdyrma Baş müdirliginde ýola goýlan işler hem-de ol ýerde Türkiýe döwleti tarapyndan ýaşlara berilýän goldawlar, ýeňillikler hakynda giňişleýin tanyşdyryldy.Bölümiň başlygy türkmen wekiliýetiniň agzalaryny alnyp barylýan işler, bölümiň işiniň sanly ulgamda guralyşy we ondaky anyk statistiki görkezijiler bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň dowamynda ýaşlaryň meýletinçilik, sagdyn durmuş ýörelgesi, watansöýüjilik çygryndaky hereketleri, olary dogry ýola goýmagyň wajypdygy dogrusynda bellenip geçildi.

Soňra türkmen wekiliýetiniň agzalary Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministrliginiň Maglumat tehnologiýalar departamentinde ýola goýlan işler bilen tanyşdy.Bu ýerde Türkiýe Respublikasyndaky ýaşlar merkezleriniň, ýaşlar birleşikleriniň platformalarynyň we ýaşlar syýasatynyň görkezijilerini sanlylaşdyrmak we ulgamlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler beýan edildi.

Programma üpjünçiligi bölümçesiniň taýýarlamagyndaky platformalaryň işleri internet toruna birikmek arkaly türkmen wekiliýetiniň agzalaryna görkezildi we bu hili platformalary, sanly ulgamlary ýola goýmagyň mümkinçilikleri öwrenildi.

Iş saparynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýaşlar we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2024 — 2026-njy ýyllarda ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk hakynda Hereketler meýilnamasynda beýan edilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça Ýol kartasyny düzmegiň we taslamalaryň hem-de bilelikde ýerine ýetiriljek işleriň meýilnamasy boýunça teklipleriň diplomatik ýollar arkaly ýollanmagynyň maksadalaýykdygy bellenildi. Şeýle-de hyzmatdaşlaryň teklipleri boýunça hereketler meýilnamasynyň çäklerinde türk wekiliýetiniň hem Türkmenistana saparyny guramak we olaryň şanly senelere hem-de iri halkara çärelere gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döretmegiň örän ýerlikli boljakdygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türk Bilýardoçylary Altyn Medal Aldy
Kasapogly: "Türkiye Sport syýahatçylygynda marka" diýdi
Antalýadaky Çagalar festiwalyna dünýäniň 30 ýurdundan 500 çaga gatnaşdy
Ukrainanyň Daşary Işler Ministri Kuleba Antalýa Geldi
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi