Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Katarda birnäçe duşuşyklary geçirdi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Katarda birnäçe duşuşyklary geçirdi

Bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katara amala aşyrylýan iş saparynyň çäginde Dohada katarly kärdeşleri bilen bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy iş saparyň dowamynda Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň ýokary bilim bölüminiň başlygy Fransisko Marmoleho, guramanyň aspirantura bölüminiň müdiri Abir Al Halifa we Kataryň milli kitaphanasynyň müdiri Hamad Al Kawari bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda bilelikdäki ylmy maslahatlary, tejribelik we iş saparlaryny öz içine alýan ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, B.Orazdurdyýewa Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň Bilim şäherçesine, Kataryň orta ylym we tehnologiýa mekdebine we Kataryň milli kitaphanasynyň binasyna aýlanyp gördi.

Ýene degişli makalalar

28-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aşgabatda türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler
Türkmenistanda täze lukmançylyk merkezleri açylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezideniniň "Ak şäherim Aşgabat" atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy