Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde guralan sergi

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde guralan sergi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda medeniýete, sungata giň ýol açylmagy bilen onuň dünýä ýüzüne ýaýramagyna badalga berildi.Täze-täze medeniýet ojaklarynyň, muzeýleriň açylyp halkyň hyzmatyna berilmegi bolsa bu badalgany galkynyşlar derejesine ýetirdi.

Işlemäge, döretmäge, gurmaga şeýle mümkinçilikler döredilen diýarymyzda medeniýet we sungat işgärleri has-da öndürüjilikli zähmet çekýärler.Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem bu ugurdan alnyp barylýan işleriň sany barha köpelýär. “Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli geçirilýän çäreler, muzeý gaznasyndan guralýan sergiler diňe bir muzeýde guralman, göçme sergileriň üsti bilen edara-kärhanalarda, okuw mekdeplerinde hem yzygyderli geçirilýär.

Halypa suratkeşleriň eserlerinden düzülen bu serginiň esasy maksady Watansöýüjilik, sungatymyzy, milli mirasymyzy halka, tomaşaçylara elýeterli edip görkezmek we ýaş nesillere, sungaty söýüjilere milli mirasymyzy aýawly saklamaklygy ündemekden ybarat bolup durýar.

Garaşsyz, baky Bitarap türkmen döwletiniň ösüşleri, Bitaraplygyň beren miweleri, dost-doganlyk gatnaşyklary, parahatçylyk, ynsanperwerlik taryh, adamlaryň ajaýyp zähmetleri, ruhubelentlik, sagdyn ýaşaýyş durmuşymyz süňňünden eriş-argaç bolup geçýän bu sergide ýerleşdirilen eserler Baky Bitarap ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwrüniň ussat suratkeşleriniň reňk toplumlarynyň üsti bilen kendire geçirilen eserlerdir.

Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň, Şamuhammet Akmuhammedowyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Gennadiý Babikowyň, Saparmämmet Meredowyň, Walentin Kudrýaşowyň, Kakajan Oraznepesowyň, Çary Öwwäýewiň, Muzaffar Daneşwaryň, sergide ýerleşdirilen eserlerinde parahat ýurdumyzyň ösüş ýoluny görmek bolýar. Ösüşlerden-ösüşlere beslenýän Diýarymyzyň ýetjek belent sepgitleri rowaç alsyn.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden Aşgabat şäheriniň Neşirýat-Çaphana orta hünär okuw mekdebinde guralan sergi
Şekillendiriş sungaty muzeýi göçme sergi gurady
Milli nakgaşlyk mekdebiniň halypalary: Ýewgeniýa Adamowa
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Babasary Annamyradow bilen Abat Muhadowa aşgabatlylary öz toplan eserleri bilen tanyşdyrdylar
Zehinler zehinler hakda: baýramçylyga bagyşlanan sergi