Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Gennadiý Babikowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama sergisiniň Annotasiýasy.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Gennadiý Babikowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama sergisiniň Annotasiýasy.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, nakgaş Gennadiý Fýodorowiç Babikowyň eserleri XX asyryň ortalaryndan başlap türkmen okyjylarynyň kalbynda orun aldy.Onuň döredijiligi türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhynda ajaýyp sahypalaryň biri bolup, täze döredijilik ýoluny açdy we ony halk sungaty bilen baglanyşdyryp ajaýyp sungata öwürdi.

Türkmen tebigatynyň aýdymçysy, Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda peýzaž žanrynyň ussady, zehinli suratkeş Gennadiý Babikow Türkmenistanyň senagatyna, oba hojalygyna bagyşlap köp eserler döretdi. Ýadamany bilmeýän suratkeş Türkmenistanyň dürli künjeklerine syýahat edip, “Bagyryň üzümçiligi”, “Aşgabatda güýz”, “Bahar”, “Oýnaýan çagalar”, “Zenanlar topary”, “Estakada”, “Welosipedçiler”, “Ýaşuly yzçy”, “Tomus”, “Bagyr ertekisi”, “Çeleken”, “Garabogaz köl”, “Garrygala” ýaly eserlerinde ýurdumyzda zähmet çekýän işçileri, daýhanlary şahyrana derejede wasp edýär. “Narlar”, “Siren”, “Bägüller we risler”, “Küýzeli natýurmort” atly natýurmortlarynda türkmen topragynyň nazy-nygmatlary barada söz açylýar.

Onuň “Welosipedçiler” atly eserinde Köpetdagyň güýzki durky görkezilipdir.Dag gerişleriniň arasyndan aýlanyp geçýän ýollarda welosipedçileriň toparyny suratlandyrmak arkaly awtor ýene-de tebigata ýüzlenýär.Bir wagtyň dowamynda, bir eseriň tekizliginde tebigatyň ýaşaýşyny, onuň hemme pursatlaryny görkezmek mümkin däl. Şonuň üçinem suratkeş tebigatyň görnüşini gös-göni göçürmän, synlaýan, öwrenýän tebigatynyň iň görmegeý parçalaryny nygtaýar.Ol hakykaty dogruçyl suratlandyrmak ýolunda ýönekeý we göze ilmeýän zatlaryň görnüşlerini, owadanlygyny, täsinligini görmäge ymtylýar.

XX asyryň ussat suratkeşleriniň biri bolmak bilen Gennadiý Babikow türkmen tebigatynyň aýdymçysy bolup, ajaýyp eserleri döretdi we ogly suratkeş Stanislaw Babikowyň özi ýaly türkmen tebigatynyň gözelligini wasp edýän suratkeş bolup ýetişmegine yhlas-aladasyny siňdirdi.

Stanislaw Babikow özüniň gysga ömründe kalba ýakyn eserleri döretdi.Muňa mysal edip, “Kakamyň portreti” atly işinde öz kakasynyň keşbini döredijilik eserleriniň arasynda pikir edip otyran pursadyny, birnäçe reňkleriň üsti bilen suratkeşiň döredijilik dünýäsiniň baýdygyny görkezmänge çalşypdyr.

Bu eser uly göwrümli bolup, ussat suratkeşiň özboluşly dünýäsini açyp görkezýär.Onuň döredijiliginde tebigat gözelligi bilen zähmet adamlarynyň sazlaşygy uly orun eýeleýär. “Güýz”, “Gyşky üzümçilik”, “Gyşa taýýarlyk” ýaly eserleri türkmen gyşynyň waspydyr.

Olaryň nakgaşlyk ussatlyklary örän galyň çalynan boýaglaryň düzüminde, ýüze çykýar. Öz eserlerinde ýaşaýan ussatlaryň döredijiligi üstünden asyr geçse-de, uly medeni hazyna bolmak bilen nesiller üçin ajaýyp mekdep bolup hyzmat edýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda "Gahrymançylyk unudylmazdyr" atly ýatlama agşamy geçirildi
Türkmen žiwopisçileriniň eserlerinde hasyl baýramynyň waspy
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli sergi gurnaldy
Milli nakgaşlyk mekdebiniň halypalary: Ýewgeniýa Adamowa
Çeperçilik akademiýasyndaky sergi: külallyk eserleriniň we gözel pursatlaryň sazlaşygy