Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy şygarynyň astynda dowam edýän 2024-nji ýylymyzda Italiýa Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň açylanyna 10 ýyl dolýar. Köp ýyllyk diplomatik gatnaşyklar iki ýurduň sebitlerinde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly itergi döretdi.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilýän döredijilik sergileri dürli ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara ylalaşmak ruhuny baýlaşdyrmakda medeni diplomatiýada netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.Ynha, biziň sungat ojagymyz bolan Şekillendiriş sungaty muzeýinde Italiýa Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli Yzzat Gylyjow we Italiýa atly ýene-de bir sergi gurnaldy.
Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi akademik Yzzat Gylyjowyň 1960-njy we 1970-nji ýyllarda Italiýa amala aşyran saparlarynda ýerine ýetiren eserleri görkezilýär.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň döredijiligi biziň aňymyzda hemişe ýagty ýadygärlik bolup galar hem-de türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhynda mizemez miras bolyp saklanar.
Türkmen-italýan halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, şeýle hem türkmen halkynyň medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň Hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, ummumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!