Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hatyra” gününe bagyşlanyp Şehitlere tagzym bolsun, bu güller“ atly geçirilen sergi

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hatyra” gününe bagyşlanyp Şehitlere tagzym bolsun, bu güller“ atly geçirilen sergi

1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gije Aşgabatda we onuň golaýyndaky obalarda bolan ýer titremede halkymyz örän köp ýitgileri başdan geçirdi.Bu aýylganç tebigy betbagtçylygyň ýürege salan yzasy henizem bitenok.

Türkmenistan döwletimizde her ýylyň oktýabr aýynyň 6-syna Hatyra güni bellenilýär.Halkymyzyň başyndan geçiren şol agyr gijesi biziň suratkeşlerimiziň eserlerinde müdümilik kendire siňip galdy.Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýarly Baýramowyň “Ajy habar”, Annamämmet Hojanyýazowyň “Betbagtçylyk”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň “Gökdepe metjidi” ýaly durmuşyň pajygaly pursatlary barada gürrüň açýan eserleri bilen bilelikde Artyk Remezanowyň “Zyýarat”, Nikolaý Çerwýakowyň “Arakesme” Saparmämmet Meredowyň “Altyn güýz” atly eserlerinde suratkeşler dürli temalaryň üsti bilen şäheriň dikeldilşini, häzirki wagtdaky gülleýän durmuşymyzy hem görkezipdirler. Şeýle-de, sergide Juma Jumasurdynyň “Betbagtlyk”, Annameret Taganowyň “Maşgala”, “Köne şäher”, “Habar”, “Güldan” atly heýkel eserleri-de ýerleşdirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisi: müdimi hakyda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ WE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI MYNASYBETLI GURNALAN GÖÇME SERGI
Akwarel suratlary däp-dessurlar barada: ýaşajyk žiwopisçileriň bäsleşigi
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy