TÜRKMENISTANYŇ BAZAR AMANOW ADYNDAKY DÖWLET ÇAGALAR KITAPHANASYNA TÄZE GELIP GOWŞAN KITAPLAR

TÜRKMENISTANYŇ BAZAR AMANOW ADYNDAKY DÖWLET ÇAGALAR KITAPHANASYNA TÄZE GELIP GOWŞAN KITAPLAR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen Watan hakda aýdym atly kitap gelip gowuşdy. Şahyr hem publisist Akmyrat Hojanyýazyň täze goşgular hem poemalar kitaby onuň kyrk ýyllyk döredijilik işiniň bir bölegini düzýär.

Bu işiň ýene agramly bölegi onuň bu kitabyna girizilmän galan goşgularyndan, publisistik makalalaryndan we beýeki kyssa eserlerinden ybaratdyr.Ol eserleriň okyjylaryň ünsüni çekjekdigine ynanýarys, we şeýlelik bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen Özüň bolup ýaşamak atly kitap gelip gowuşdy. Ýazyjy Akmyrat Hojanyýazyň täze kitabyna onuň soňky ýazan makalalarynyň, goşgularynyň diňe bir bölegi girizildi.

Bular esasan, syýasy-publisistik eserlerdir.Berkarar döwletimiziň saýasyndaky uly wakalardan, taryhy özgertmelerden, döwrüň möhüm meselelerinden, gadymyýetiň yzlaryndan söz açýan eserleriniň okyjylaryň ünsüni çekjekdigine ynanýarys.Kitap bilen gyzyklanýan okyjylarymyzy kitaphanamyza çagyrýarys.

Ýene degişli makalalar

Gyrgyzystanyň Ýazyjylar birleşigi 90 ýaşady
Nakyllara öwrülen şygyrlar
Sanly çözgüt 2024 atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri
18-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistan ykdysadyýetiň pudaklaryna 40,1 milliard manat maýa goýmagy meýilleşdirýär
Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Seulda geçirilen çärä gatnaşdy
Türkmen pälwanlarynyň nobatdaky üstünligi