Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.
Söwda-senagat edarasynda guralan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew hormatly Prezidentimize hasabat berdiler. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygynyň dowamynda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň, “Seljeriş we tehnologiýalar merkeziniň” diwarlyklarynda beýan edilýän hem-de bu düzümleriň sazlaşykly ösüşi barada gürrüň berýän maglumatlar bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygynyň dowamynda ýokary hilli önümleri öndürip, ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhurlyk gazanan “Hasar”, “Misgär”, “Duýgy”, “Altyn ýunus” kärhanalarynyň, “Bars”, “Kindi”, “Oguzhan”, “Ak gar”, “Datmeni” söwda nyşanly süýji-köke öndürýän telekeçileriň görkezýän önümleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan ýetişdirilýän gök önümleriň we miweleriň gaýtadan işlenilmeginiň ähmiýetlidigini belläp, oba hojalyk önümlerini öndürmekde hem-de gaýtadan işlemekde aýratyn işjeňlik görkezýän “Sahabatly” haryt nyşanly azyk önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Çary Gylyjowa hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýewe ýurdumyzda ýokary hilli we ekologik talaplara doly laýyk gelýän azyk önümleriniň önümçiliginiň artdyrylmagy, bu işde telekeçileriň has-da işjeňlik görkezmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi 18-nji aprelde tamamlanar.