Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Köpugurly işewürlik merkezli täze “Garagum” oteli nobatdaky duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.
Şu ýyl YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr Askar Mamin wekilçilik etdi. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.
Ozal habar berlişi ýaly, sammitiň öňüsyrasynda, 27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleri, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Şu gün, forumyň öň ýanynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilen duşuşdy.
Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, YHG-a girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyz hem-de bu gurama tarapyndan bilelikdäki işiň uly tejribesi toplandy. Munuň özi uzak möhletleýin geljek üçin netijeli gatnaşyklar babatda ygtybarly esasy döredýär.
Türkmenistan sebit möçberinde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, guramanyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de onuň çägini giňeltmäge, ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen, ýörite işlenip taýýarlanylan Konsepsiýanyň esasynda YHG-da başlyklygy amala aşyryp, bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmagy maksat edinýän çemeleşmäni görkezýär.
Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitini 28-nji noýabrda, YHG-nyň gününiň bellenilýän gününde Aşgabatda geçirmek baradaky başlangyjyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini ýatlatmalydyrys. Milli Liderimiz bu teklibi guramanyň şu ýylyň 4-nji martynda sanly ulgam arkaly ýokary derejede geçirilen 14-nji duşuşygynda beýan etdi.
“Garagum” oteliniň eýwanynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylaryny döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady.
Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar oteliň maslahatlar zalyna barýarlar. Bu ýerde däp bolan resmi surata düşmek dabarasyndan soň, YHG-nyň 15-nji sammitiniň açylyş dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara giriş sözi bilen ýüzlenip, Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.
YHG döredilen döwründen başlap, guramanyň meýdançasy oňa agza döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde netijeli gurala öwrüldi. Bu guramanyň ýokary derejedäki duşuşyklary meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmakda, onuň giňişliginde sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň iň esasy hem-de ileri tutulýan mowzuklary boýunça çözgütleri kabul etmekde örän gowy mümkinçilik bolup çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde energetika, ulag we söwda ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny aýratyn nygtady.Häzirki wagtda YHG tarapyndan amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde tehnologiýa, aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek zerurlygy ýüze çykýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu günki duşuşygyň barşynda geljekde uly mümkinçilikleri açýan ugurlar boýunça hem netijeli gepleşikleriň geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitiniň Başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana çykyş etmek üçin söz berdi.
Dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize hoşallyk bildirip, sammite gatnaşyjylary Türkmenistanda guralýan wekilçilikli forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen gutlady we onuň işine üstünlik arzuw etdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýakynda bellenilen 30 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.
Belent mertebeli myhman wekiliýetleriň mähirli kabul edilendigi, bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, 14-nji sammitden soň YHG-a başlyklyk etmegiň Türkiýeden Türkmenistana geçendigini belledi hem-de milli Liderimize alyp barýan giň möçberli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan çykyşynyň dowamynda sammitiň işiniň YHG-a agza döwletler we sebitiň ýurtlary, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Belent mertebeli myhman forumyň dowamynda dürli ulgamlarda guramanyň işiniň wezipelerine garaljakdygyny hem-de häzirki döwrüň esasy meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamagyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitleniljekdigini belledi.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan YHG-nyň 15-nji sammitiniň dowamynda kabul ediljek çözgütleriň hem-de Jemleýji resminamanyň sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşine, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, bu babatda bilelikdäki tagallalaryň wajypdygyna ünsi çekdi.
Türkiýe Respublikasynyň Baştutany şeýle hem sammitiň sebitleýin we ählumumy möçberde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, şol sanda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň işini kadalaşdyrmaga gönükdirilen çözgütleriniň ähmiýetini nygtap, bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň gadymy döwürlerde halklary we ýurtlary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigini aýtdy.
Belent mertebeli myhman owgan meselesine degip geçip, Owganystanda syýasy durnuklylygyň berkarar edilmeginiň hem-de onuň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginiň diňe bir sebit däl, eýsem, halkara derejede hem uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň goňşy ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmaga goşýan goşandyna, owgan halkyna yzygiderli berýän doganlyk kömegine ýokary baha berildi.
Çykyşynyň ahyrynda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de YHG-da başlyklyk edýän Türkmenistana sammiti üstünlikli geçirmek babatda döredilen mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň Başlygy ýygnananlara ýüzlenip, YHG-a agza döwletleriň ýolbaşçylaryna bu sammite gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Biz bu forumyň geçirilmegine ýurtlarymyzyň ykdysady, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkidýän möhüm waka hökmünde doly esas bilen garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ilkinji nobatda, Bitarap döwlet we dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalar bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmak üçin açykdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, YHG bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Bu gurama bilen bilelikdäki işiň uly tejribesi toplandy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan gurama agza döwletleriň her biri bilen aýratynlykda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär, bu bolsa köpugurly hyzmatdaşlyga oňyn ýardam berýär, ony baýlaşdyrýar, umumy işleri goşmaça berkidýär.
YHG-nyň sammitine başlyklyk etmek bilen, Türkmenistan bilelikdäki işleriň degişli derejede ilerlemegi, täze döredijilikli başlangyçlar bilen doldurylmagy üçin ähli tagallalary etdi. Başlyklyk etmegiň işlenip taýýarlanan Konsepsiýasyna laýyklykda, biziň ýurdumyz onuň durmuşa geçirilmegi boýunça netijeli işleri amala aşyrdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-a agza döwletlere şu döwürde Türkmenistana ýardam berendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan ulag we energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini guramanyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görýär.Häzirki döwürde bu ugurlar ählumumy ykdysady ösüşiň aýgytlaýjy esasy hökmünde çykyş edýär.Bu işe öz wagtynda we işjeň goşulmak zerur bolup durýar.
Munuň üçin bar bolan bäsdeşlik artykmaçlyklaryny ulanyp, täze üstaşyr ulag geçelgelerini, energetika ugurlaryny emele getirmäge doly hukukly, netijeli gatnaşyjynyň ornuny üpjün etmeli. Ýakyn geljekde biziň umumy möhüm wezipelerimiziň şulardan ybarat bolmalydygyna ynanýaryn diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, YHG-a agza döwletleriň degişli ugurda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna düşünýändigine ynam bildirdi.Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda biziň ýurdumyzyň durnukly ulag we energetika howpsuzlygy boýunça öňe sürýän taslamalaryny agza döwletleriň yzygiderli goldamagy muny aýdyň tassyklaýar.
YHG-a agza döwletleriň birnäçesi bu resminamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi. Şeýle goldaw üçin Türkmenistan minnetdarlyk bildirýär, oňa mundan beýläk-de netijeli ädimler üçin oňat esas hökmünde garaýar.
Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu başlangyçlary iş ýüzünde amala aşyrmak ugrunda hereket etmek bilen, biziň ýurdumyz YHG-a agza döwletleriň birnäçesi bilen soňky ýyllarda iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge girişdi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygy alnyp barylýar.Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli depginde amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hususan-da, gürrüň Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgelerini döretmek barada barýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, agzalyp geçilen taslamalaryň biziň bilelikdäki mümkinçiliklerimiziň aňry çägi däldigine ynam bildirdi.Häzirki döwürde YHG-a agza ýurtlaryň arasyndaky giňişlikde hem, olaryň çäklerinden daşyna çykylanda hem goşmaça energetika we üstaşyr ulag geçelgeleri gerek.
Türkmen tarapynyň pikirine görä, bu babatda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa ykdysady birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly döwletara birleşikler bilen bir maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerur bolup durýar.
YHG-a agza döwletleriň gatnaşmagynda üpjünçilik ulgamlarynyň iri taslamalarynyň amala aşyrylmagy yklymda täze geoykdysady giňişligi döretmekde ýokary hilli öňegidişlik bolar diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmaz. Bu hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar, iri maýa goýumlary çekýär, birnäçe möhüm durmuş meselelerini çözýär.
Şonuň bilen birlikde döwlet Baştutanymyz bu işlere Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigini aýratyn nygtady. Şeýlelik bilen, bu ýurt hereket edýän subýekte, ykdysady hyzmatdaşlygyň aýrylmaz gatnaşyjysyna öwrüler. Şunda biz Owganystan üçin strategik geljegi, sebit we ählumumy ýagdaýlarda onuň ornuny, parahatçylygy gazanmakda möhüm şerti, owgan topragynda ylalaşygy we ösüşi görýäris.
Milli Liderimiz şeýle hem şu ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna gaýragoýulmasyz we netijeli ynsanperwerlik kömeginiň berilmelidigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam edip, Hazar sebitiniň we Ýewropa ýurtlaryna çykmak bilen Gara deňzi, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň arasynda üstaşyr ulag gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda logistik we üpjünçilik ulgamlarynyň desgalaryny ulanmagyň meselelerini öwrenmegi teklip etdi. Biziň ýurdumyz YHG boýunça hyzmatdaşlaryň bähbitlerine Hazaryň kenarýakasyndaky häzirki zaman portunyň kuwwatyny hödürlemäge taýýardyr.
Guramanyň giňişliklerinde beýleki üpjünçilik ulgamlarynyň, hususan-da, awtomobil, demir ýol pudaklarynyň taslamalaryny amala aşyrmagyň anyk geljegini görýäris. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz YHG-nyň çäklerinde awtomobil, demir ýollaryny gurmak we durkuny täzelemek, olar boýunça anyk teklipleri işläp taýýarlamak üçin ýörite topary döretmek işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, söwdany ösdürmegiň biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Geçen ýylyň jemleri boýunça YHG-a agza ýurtlaryň arasynda umumy söwda dolanyşygy 49,8 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Elbetde, bu görkeziji bar bolan bilelikdäki mümkinçilikleri doly açyp görkezmeýär.
Söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny yzygiderli we depginli ösdürmegi üpjün etmegiň, ony diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça tagallalary etmegiň netijeli usulyny döretmek barada düýpli oýlanmaly.Biziň ýurtlarymyzyň telekeçilik bileleşikleriniň, şol sanda orta we kiçi işewürligiň işjeň ornuna bil baglamaga doly haklydyrys.
Gürrüň senagat harytlary, oba hojalyk, hyzmatlar ulgamy, beýleki ugurlar boýunça kooperasiýalaryň dürli görnüşlerini ýola goýmak barada barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Işewürlik gatnaşyklaryny doly derejede ösdürmekde telekeçilige ýardam bermek, olary degişli bank-maliýe ugrukdyrmasy bilen üpjün etmek, zerur bolanda, degişli ýeňillik ulgamyny we söwda amallaryny amala aşyranda, ýeňillikleri döretmek möhümdir.
Serhetýaka we sebit işewürlik gatnaşyklary möhüm orny eýelemelidir.Bu ýerde biziň halklarymyzyň köpasyrlyk däpleri, toplanan gymmatly tejribesi bar.Bu bolsa häzirki zaman hakykatyny göz öňünde tutup, ulanylmagyny we baýlaşdyrylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwlet-hususy hyzmatdaşlyk kadalary esasynda YHG-nyň ýöriteleşdirilen işewürlik düzümlerini döretmegiň üstünde işlemegiň maksadalaýykdygyny aýtdy.
Bu düzümleriň her biri öz ugry boýunça biziň ýurtlarymyzyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň we giňeltmegiň bähbitlerine bir maksada gönükdirilen işleri alyp baryp bilerdi.
Milli Liderimiz şeýle hem häzirki döwürde, ilkinji nobatda, sanly tehnologiýalary peýdalanmak, elektron söwda meýdançalaryny giňden ulanmak bilen, özara ykdysady hyzmatdaşlyk etmegiň ýokary derejede möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň sebitlerimiziň ählisinde innowasion ösüş üçin mümkinçilikleriň bardygyna berk ynam bildirdi.
Tagallalary birleşdirmek umumy bähbitlere laýyk gelýär.Bu bolsa täze tehnologik kadalary bolan bütindünýä ykdysadyýetiniň örän uly bäsdeşlige eýe bolan gurşawyna goşulmaga YHG-a agza ýurtlara mümkinçilik berer.
Şunuň bilen birlikde döwlet Baştutanymyz lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn belledi.Soňky iki ýyl hemmeler üçin uly synag döwri boldy.Ol ýa-da beýleki döwletiň ýekelikde, özbaşdak pandemiýa garşy göreşde diňe wagtlaýyn üstünlik gazanyp biljekdigi örän çalt aýdyň ýüze çykdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz YHG-nyň çäklerinde howply ýokanç kesellere garşy göreşmekde tejribeleri, usullary we işläp taýýarlamalary özara alyşmagyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmaga örän ýakyn wagtlarda girişmegiň maksadalaýykdygyny belledi.
Bizde bu ugurda birek-birege teklip etmek üçin köp zat bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow guramanyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygyň, medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmek bilen utgaşdyrylmalydygyny nygtap, medeni çäreleri, sungat festiwallaryny, şol sanda YHG-a agza ýurtlaryň çagalar we ýaşlar toparlarynyň gatnaşmagynda geçirmegiň, döredijilik intelligensiýasynyň duşuşyklarynyň ulgamlaýyn meýilnamalaryny, bilelikdäki syýahatçylyk maksatnamalaryny, sport ýaryşlaryny guramagyň meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.
Türkmenistan, umuman, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işiniň depginli häsiýete eýe bolýandygyny, onuň sebit hyzmatdaşlygyna oňyn täsir edýändigini belleýär.Häzirki döwürde YHG uly hormata, at-abraýa eýe bolan halkara ykdysady düzüme öwrüldi we bütin dünýäde ykrar edildi.
Guramanyň hereket edýän ýyllarynyň dowamynda oňa agza ýurtlaryň arasynda dürli ylalaşyklar baglaşyldy we ileri tutulýan ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlyk babatda çözgütler kabul edildi.Bilelikdäki mümkinçilikleri ýokary derejede netijeli ulanmak üçin möhüm ähmiýetli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça uly işler amala aşyryldy diýip, milli Liderimiz aýtdy.