BMG-niň çäginde 2024-nji ýylyň soňky çärýeginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamalar we resminamalar Baş Assambleýanyň 79-njy mejlisiniň degişli resminamalary hökmünde BMG-niň alty dilinde neşir edildi we paýlaşyldy:
1. Merkezi Aziýa parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy atly Kararnama; 2. Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisiniň Jemleýji jarnamasy; 3. Halkara bilermenleriň Energiýa baglanyşygyny gowulandyrmak: Hyzmatdaşlygy ösdürmek we durnukly ösüşe ýetmek atly mejlisiniň jemleýji hasabaty.
Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berdi.