
Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň IV onlaýn mejlisinde Nikaragua, Laos we Marokko tarapyndan bu topara agza bolmak üçin iberilen arzalar tassyklandy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň web sahypasynda habar berildi.
Şeýle hem duşuşykda 2026—2035-nji ýyllarda BMG-niň Durnukly ulag onýyllygyna, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylda köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygy boýunça Ýokary derejeli ýygnagyna we BMG-niň Durnukly ulag boýunça nobatdaky global konferensiýasyna taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň meýdançasynda ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça maglumat-seljeriş materiallaryny taýýarlamak üçin Konsultatiw geňeşiniň döredilmegine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem mejlisde Bütindünýä ulag diplomatiýasy akademiýasyny döretmek pikiri goldanyldy, onuň ilkinji synag leksiýalaryny 2024-nji ýylyň fewral—aprel aýlarynda guramak meýilleşdirilýär.