Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasynda yşyklar ýakyldy

Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasynda yşyklar ýakyldy

15-nji dekabrda ýurdumyzyň baş arçasynda köpöwüşginli yşyklar ýakylyp, hemmeleriň söýýän hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan, jadyly we syrly, şadyýan hem-de hoşniýetli Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini habar berdi.

Asylly däbe görä, Älem medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Şol ýerde ýurdumyzyň iň belent, bezegli arçasy ornaşdyryldy hem-de erteki şäherçesi ýaýbaňlandyryldy.Depesinde 2021 ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan arçanyň beýikligi 41 metre, ini bolsa 16 metre barabardyr.

Dürli reňklerde öwşün atýan şarlar, monjuklar, oýnawaçlar, çyrajyklar bilen bezelen arça ýetip gelýän Täze ýylyň özboluşly nyşanlarynyň birine öwrüldi.Tutuş dünýä oňa gowulyk, täzeleniş, saglyk baradaky iň gowy arzuw-niýetler bilen garaşýar.

Birnäçe gün mundan ozal özüniň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçen Bitarap Watanymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň çuňňur manysy bardyr.

Geljek ýylda ýurdumyz ýene-de bir taryhy senäni Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bellär. Ýurdumyzyň baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikleri ýatladýan çäredir, şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär.

Her ýyl Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk üçin ýörite täze ugur düzülýär.Olar owadan ulagda Täze ýyl arçasyna tarap ýola düşýärler.Iki gatly we dürli öwüşginde bezelen awtobusda oturan paýtagtymyzyň körpe ýaşaýjylary olary ugradýarlar. Şu ýyl bu ýol Taslama köçesiniň hem-de Magtymguly şaýolunyň çatrygyndan başlanýar. Şol ýerde ýakynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly desgalaryň iri toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Paýtagtymyzyň täze künjegi milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Şol syýasat bolsa, Döwlet adam üçindir!diýen şygar astynda amala aşyrylýar.

Şüweleňli dabara gatnaşyjylar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň nyşanlary şekillendirilen köpöwüşginli pannolar bilen bezelen belent ýaşaýyş jaýlarynyň duşundan geçýärler, Gül zemin söwda-dynç alyş merkeziniň ajaýyp binagärlik keşbine hem-de aýlawly awtomobil çatrygynyň merkezini bezän 15 metrlik Türkmen alabaýy ýadygärligine syn edýärler.

Bu täsin heýkel şekili döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça wepalylygy, batyrlygy hem-de çydamlylygy bilen tapawutlanýan alabaýyň türkmen halkynyň durmuşynda eýelän taryhy ornuna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde döredildi.

Bu tohum itleri ösdürip ýetişdirmek däbiniň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmäge hödürlenilmegi hem tötänden däldir.Soňra Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk paýtuna geçip oturýarlar hem-de körpe dostlarynyň ugratmagynda ak mermerli türkmen paýtagty boýunça gezelenji dowam etdiler.

Bu baýramçylyk wakasynyň şaýatlary bolan Aşgabadyň ýaşaýjylary şadyýan Täze ýyl kerwenini uly şatlyk-şowhun bilen garşylaýarlar.Bu özboluşly ýörişiň ahyrynda baýramçylyk kerweni Älem medeni-dynç alyş merkezine, ýurdumyzyň baş arçasynyň ýanyna gelýär.

Dürli reňkli yşyklarda öwşün atýan derweze jadyly ýurda girelgäni açýar. Şol ýerde myhmanlary türkmen ertekileriniň gahrymanlarynyň täsin şekilleri hem-de çagalaryň iň söýgüli multfilmleriniň gahrymanlary garşylaýarlar.Baş arçanyň daş-töweregi ertekiler dünýäsini ýatladýar, ol dürli reňkli çyralar, garyň reňki ýaly ap-ak arçajyklar bilen bezelipdir.

Munuň özi täsin gözellik döredýär hem-de görenleri haýran galdyrýar.Bu ýerde ornaşdyrylan öýjagazlar, ertekileriň gahrymanlarynyň täsin şekilleri, Täze ýylyň nyşany bolan öküziň şekili älemgoşaryň ähli reňkinde öwşün atýar.

Ajaýyp sazyň owazy, haýran galdyrýan Täze ýyl bezegleri meýdançada hoşniýetli hem-de nurana Täze ýyl baýramçylyk ýagdaýyny döredýär.On iki jandaryň lybasyna - gündogar senenamasy boýunça Täze ýylyň nyşanlarynyň keşplerine beslenen şadyýan çagalar Aýazbabany hem-de Garpamygy mähirli garşylaýarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň saglygy, bilimi, sazlaşykly ösüşi, watançylyk hem-de estetiki terbiýesi baradaky alada ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary baradaky Konwensiýalarynyň hem-de BMG-niň eneleri we çagalary goramaga gönükdirilen möhüm resminamalarynyň birnäçesine goşulyp, öz üstüne alan borçnamalarynyň ählisine ygrarlydygyny dünýä bileleşigine görkezýär.

Golaýda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen maksatnamalaýyn resminamalaryň birnäçesi hem muny tassyklaýar.Aýazbaba we Garpamyk körpe türkmenistanlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan edýärler hem-de berk jan saglyk we bagt, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine oňyn özgertmeleri amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Olar milli Liderimize çagalar barada edýän ýadawsyz aladasy, ýurdumyzda ösüp gelýän nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.Elbetde, çagalaryň islegi hem-de Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň yşaraty bilen ajaýyp arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy şadyýan Täze ýyl dabarasynyň sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursatyna öwrüldi.

Körpeleriň bagtyýar sesleri hem-de şadyýan gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Garaşsyz Watanymyzyň şu günki we ertirki gününe ynamymyzyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çagalar ýatdan çykmajak baýramçylyk barada ýadygärlik hökmünde ajaýyp sowgatlary aldylar.

Paýtagtymyzdaky owadan arçanyň yzysüre welaýatlarda, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň baş meýdançalarynda ornaşdyrylan Täze ýyl arçalarynyň ählisi täsin yşyklar bilen öwşün atyp başlady.Ertekileri ýatladýan bu ajaýyp baýramçylyk uly ýaşly adamlaryň hem-de çagalaryň ýadynda uzak wagtlap galar.

Tutuş ýurdumyz boýunça teletomaşaçylaryň millionlarçasy bu köpöwüşginli Täze ýyl baýramçylygynyň şaýatlary boldular.

Ýene degişli makalalar

Köýtendag täsinlikleri bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär
15.12.2017 | Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
15.12.2017 | Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Şekillendiriş sungaty muzeýinde mekdep temasyna bagyşlanan eserleriň sergisi gurnaldy