Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasynda yşyklar ýakyldy

Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasynda yşyklar ýakyldy

15-nji dekabrda ýurdumyzyň baş arçasynda köpöwüşginli yşyklar ýakylyp, hemmeleriň söýýän hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan, jadyly we syrly, şadyýan hem-de hoşniýetli Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini habar berdi.

Asylly däbe görä, Älem medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Şol ýerde ýurdumyzyň iň belent, bezegli arçasy ornaşdyryldy hem-de erteki şäherçesi ýaýbaňlandyryldy.

Depesinde 2021 ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan arçanyň beýikligi 41 metre, ini bolsa 16 metre barabardyr.

Paýtagtymyzdaky owadan arçanyň yzysüre welaýatlarda, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň baş meýdançalarynda ornaşdyrylan Täze ýyl arçalarynyň ählisi täsin yşyklar bilen öwşün atyp başlady.

Ertekileri ýatladýan bu ajaýyp baýramçylyk uly ýaşly adamlaryň hem-de çagalaryň ýadynda uzak wagtlap galar. Tutuş ýurdumyz boýunça teletomaşaçylaryň millionlarçasy bu köpöwüşginli Täze ýyl baýramçylygynyň şaýatlary boldular.

Ýene degişli makalalar

Köýtendag täsinlikleri bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär
15.12.2017 | Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
15.12.2017 | Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Şekillendiriş sungaty muzeýinde mekdep temasyna bagyşlanan eserleriň sergisi gurnaldy