Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasy yşyklaryny ýakdy

15-nji dekabrda Türkmenistanyň baş arçasynda köpöwüşginli yşyklar ýakyldy. Munuň özi hemmeleriň söýýän hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini habar berdi.

Aşgabatdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň iň belent, bezegli arçasy ornaşdyryldy hem-de erteki şäherçesi ýaýbaňlandyryldy.Depesinde “2021” ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan arçanyň beýikligi 41 metre, ini bolsa 16 metre barabardyr. Ýurdumyzyň baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikleri ýatladýan çäredir, şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär.

Her ýyl Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk üçin ýörite täze ugur düzülýär.Olar owadan ulagda Täze ýyl arçasyna tarap ýola düşýärler.Iki gatly we dürli öwüşginde bezelen awtobusda oturan paýtagtymyzyň körpe ýaşaýjylary olary ugradýarlar. Şu ýyl bu ýol Taslama köçesiniň hem-de Magtymguly şaýolunyň çatrygyndan başlandy, Şol ýerde ýakynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly desgalaryň iri toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Köýtendag täsinlikleri bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär
15.12.2017 | Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
15.12.2017 | Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Şekillendiriş sungaty muzeýinde mekdep temasyna bagyşlanan eserleriň sergisi gurnaldy