Türkmenistanyň Baş diplomaty Eýranyň Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar

Türkmenistanyň Baş diplomaty Eýranyň Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar

26-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş goňşy ýurtlarynyň biriniň Eýran Yslam Respublikasydygyny belledi. Şunda iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýandygy barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanylan Prezidentiniň şu ýylyň 30-njy iýulynda resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin, wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredowy Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkiýanyň inaugurasiýa dabarasyna öz wekilçilikli toparlarynyň gatnaşjakdygyny azyndan 60 ýurt tassyklady.

Masud Pezeşkiýan Eýranyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi 28-nji iýulda saýlanan Prezidenti tassyklamak barada Karara gol çekenden soňra, 30-njy iýulda Mejlisiň jaýynda kasam kabul eder.

Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Eýranyň täze hökümedi bilen gatnaşyklaryny güýçlendirýär
Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
HAZAR DEŇZI DOSTLUK WE HYZMATDAŞLYK DEŇZI
Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport komitetiniň başlygyna berk käýinç berildi
Pakistanyň Premýer-ministri Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi sapar bilen Pakistana çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň, Hindistanyň, Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutlady