Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde anna güni ýurduň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, belent başy “2024” ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Türkmenistanyň Baş arçasy gurnalan meýdançada Aşgabat şäheriniň teatr toparlary, ýaşajyk artistler, meşhur estrada aýdymçylary taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Aýazbaba we Garpamyk bu dabara gatnaşýan ähli körpeleriň adyndan Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna, türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de ähli türkmen halkyna täze, 2024-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Soňra körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen belent başly arçanyň yşyklary ýakyldy.

Ýurduň Baş arçasynyň yşyklary ýakylandan soň Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň meýdançalarynda gurnalan Täze ýyl arçalary dürli öwüşginli yşyklara beslendi we Täze ýyl dabaralaryna badalga berildi.

Geçirilen dabaranyň dowamynda çagalar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýatdan çykmajak ýadygärlik sowgatlary we süýjülikleri aldylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
Türkmenistanda Baş täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
Çagalaryň arasynda Gyş ertekisi atly aýdym-sazly bäsleşik geçirildi
Prezident Söwda-senagat edarasynyň binasynda sergini we Täze ýyl şüweleňini synlady