Türkmenistanyň banklarynyň POS terminallaryň sany boýunça sanawy neşir edildi

Türkmenistanyň banklarynyň POS terminallaryň sany boýunça sanawy neşir edildi

2023-nji ýylyň aprel aýynyň başyna POS terminallaryň sany boýunça Türkmenistanyň banklarynyň sanawy neşir edildi. Sanawa laýyklykda, Daýhanbank döwlet täjirçilik banky öňdebaryjy boldy diýip, Merkezi Bankyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Berlen hasabatlara görä, Daýhanbank döwlet täjirçilik bankynyň hasabynda 8970 sany POS terminaly bar. Bu görkeziji boýunça ikinji orunda Türkmenistan banky (8101 terminal), üçünji orunda bolsa Halkbank (7728 terminal) ýerleşdi.

Daýhanbankyň POS terminallary, esasan, Türkmenistanyň welaýatlarynda gurnalmak bilen, olaryň köpüsiniň Lebap (2519), Mary (2008) we Daşoguz (1737) welaýatlarynda ýerleşýär.

Sanawda ikinji we üçünji orunlarda ýerleşen banklaryň —Türkmenistan we Halkbank banklarynyň POS terminallarynyň köpüsiniň Aşgabatda gurnalandygy bellenilýär hem-de olaryň, degişlilikde, 3365 we 2419 sany terminalynyň paýtagtda hereket edýändigi aýdylýar.

2023-nji ýylyň 1-nji apreline çenli POS terminallarynyň sany boýunça Türkmenistandaky banklaryň doly sanawy:

POS terminaly — töleg kartalary arkaly töleg etmek üçin niýetlenilen elektron programma-tehnika enjam enjamy. Ol çipli, magnit zolakly we galtaşyksyz kartlary, şeýle hem galtaşyksyz baglanyşýan beýleki enjamlary kabul edip bilýär.

Ýene degişli makalalar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň ÝÜZLENMESI
Bank ulgamy: sanly hyzmatlaryň gerimi giňelýär
Türkmenistan Gazagystana we Hindistana howa gatnawlaryny dikelder, Aşgabatda täze jaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi, Serdar Berdimuhamedow ýurduň zenanlaryny 8-nji mart mynasybetli gutlady we beýleki habarlar
Türkmen banklary 2023-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda 136 müňden gowrak plastik kart berdiler
Daýhanbank POS-terminallarynyň sany boýunça Türkmenistanda ilkinji orunda
Halkbank PTB mobil banking ulanyjylary boýunça Türkmenistanda öňdeligi eýeledi