Şu gün paýtagtymyzdaky Oguzkent myhmanhanasynda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ahalteke atçylygyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan ýurdumyzyň atşynaslaryna, şeýle-de assosiasiýanyň agzalary bolan daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlara we assosiasiýanyň Dolandyryş müdiriýetiniň türkmen hem-de daşary ýurtly täze agzalaryny kabul etmek baradaky çözgüdini tassyklamak hakynda Kararlara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ada mynasyp bolan, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Ýaponiýanyň Akhal-teke Affinity Co.LTD hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Miçiko Aoe mejlisde sanly ulgam arkaly eden çykyşynda hormatly Prezidentimizi saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlap: Goý, gazanan ýeňşiňiz Size ýokary döwlet wezipäňizde netijeli işlemekde, bütin dünýäde assosiasiýanyň abraýyny güýçlendirmekde, onuň iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde, şeýle-de bu ajaýyp arassa ganly tohum atyny gorap saklamakda ylham we täze güýç bersin!
Biziň ýurdumyzda ýerli atşynaslar tarapyndan behişdi ahalteke bedewlerine barha köp gyzyklanma bildirilýär.Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäklerinde ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanandygym üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.Geljekde-de assosiasiýanyň ösüşi üçin goşandymy goşmagymy dowam etdirjekdigime ynandyrýaryn diýip belledi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna täze kabul edilen, Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň Sport we bedenterbiýe komitetiniň Milli atly sport görnüşleri merkeziniň direktory Amanžol Amandykowiç Hasenow bolsa agzalyga kabul edilmek baradaky haýyşnamasynyň kanagatlandyrylmagynyň özünde ýakymly duýgulary döredendigini aýdyp, sanly ulgam arkaly çykyşynda:
— Men türkmen halkynyň baý medeniýetine, däp-dessurlaryna we taryhyna uly gyzyklanma bildirýärin.Taryhy çeşmelerde bellenilişi ýaly, ahalteke bedewleri türkmen topragynda kemala gelen iň gadymy tohum atydyr.
Gazagystanda ençeme ýyldan bäri atçylyk bilen meşgullanyp gelýärin. Öz gezegimde, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bilen bilelikde bu abraýly edaranyň işini mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjakdygyma ynandyrýaryn — diýip nygtady we ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.