23-nji aprelde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsullygynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanowyň çykyşy bilen açyldy.
Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň habar bermegine görä, çäräniň dowamynda Astrahan sebitiniň bilim ministri Mariýa Şalak türkmen nusgawy edebiýatynyň söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bilen bilelikde geçirilen dabaralar hakynda çykyş etdi.
Soňra Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Ilýa Wasilýewiç söz sözläp, ol iki döwletiň dostlukly hyzmatdaşlygy hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de maslahatda Astrahanyň Türkmenistan atly türkmen medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek boýunça sebitleýin jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Fauziýa Kadyrowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Saparmyrat Hydyrow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Aýbölek Goçyýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni Oguljahan Alamyşowa dagy çykyş etdiler.
Olar öz çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyndaky orny, şahyryň goşgularynyň dünýäniň ençeme ýurtlarynda düýpli öwrenilýändigi hem-de türkmen halkynda dana akyldara goýulýan sarpa barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki konsullygynda guralan sergi bilen tanyşdylar.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda Astrahan sebitiniň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdepde şahyryň döredijiligine we türkmen medeniýetine bagyşlanan muzeýiň açylandygyny habar beripdik.