Türkmenistanyň aspiranturalarynda we doktoranturalarynda täze hünärler açyldy

Türkmenistanyň aspiranturalarynda we doktoranturalarynda täze hünärler açyldy

Aspiranturany, doktoranturany açmagyň we olaryň işiniň Tertibine laýyklykda, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň teklipnamalarynyň esasynda, Türkmenistanda öň hereket edýän aspiranturalara, doktoranturalara täze hünärler girizildi ― diýip, Türkmenistan gazeti habar berýär.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň müdiri Gülälek Annanepesowanyň gazetiň habarçysyna gürrüň berşi ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň doktoranturasyna halkara gatnaşyklaryň we daşary syýasatyň taryhy hünäri, aspiranturasyna dünýä ykdysadyýeti, halkara gatnaşyklaryň, dünýädäki we sebitdäki ösüşiň syýasy meseleleri, žurnalistika ýaly hünärler girizildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň doktoranturasyna taryhnama, taryhy çeşmeleri öwrenmek we taryhy derňewleriň usullary hünäri hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň aspiranturasyna radiofizika hünäri girizildi.

Geçen ýyl Türkmenistanda aspiranturalarda okajak we alymlyk derejelerine dalaş etjekleriň sany 67 adam bolan bolsa, bu ýyl 105 adama çenli ýeter.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda aspirantura kabul edilen aspirantlar, hasaba alnan dalaşgärler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda gol çekilen Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama laýyklykda, daşary ýurt dilleri, ylmyň filosofiýasy we taryhy, habarlar we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň esaslary dersleri boýunça kandidatlyk synaglaryny tabşyrmak üçin okadylýar.

Bular bilen birlikde, ylmy ugurlar esasynda kesgitlenýän ýörite hünär dersinden hem kandidatlyk synagy tabşyrylýar.Bu synaglar aspirantyň, alymlyk derejesine dalaşgäriň hünär we umumy bilimler boýunça bilimleriniň çuňlugyny, özbaşdak ylmy-barlag işlerine taýýarlygyny kesgitlemek maksady bilen alynýar.

Kandidatlyk synaglaryny tabşyrmaga taýýarlanmak degişli dersler boýunça umumy, tejribe okuwlary, seminarlary geçirmek we okuw işiniň beýleki görnüşlerini guramak ýoly bilen amala aşyrylýar.Umumybilim dersleri (ylmyň filosofiýasy we taryhy, daşary ýurt dili, habarlar we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň esaslary) boýunça kandidatlyk synaglary ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda tabşyrylýar.

Olar boýunça kandidatlyk synaglarynyň maksatnamalaryny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy taýýarlaýar we Bilim ministrligi bilen ylalaşyp tassyklaýar.

Ýene degişli makalalar

Iň gowy mekdep kitaphanasy atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi
Seslenme: Özbek azlyklary özleriniň ene dillerinde bilim almaga hyjuwlanýar
01.09.2017 | Aşgabatda we sebitlerde täze mekdepler açyldy
Türkmenistanyň birinji synp okuwçylaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan netbuklar sowgat berildi
Pudaklaýyn forumlar — 2018: ylym-bilim ulgamy, saglygy goraýyş we sport: innowasiýalar ýolunda
25.03.2019 | Hormatly Prezidentimiz iri şäheri döretmegiň taslamalary bilen tanyşdy