Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleriniň interaktiw kartasy taýýarlandy

Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleriniň interaktiw kartasy taýýarlandy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik döwlet gullugy Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalr merkeziniň Geografik maglumatlar ulgamy (GMU) laboratoriýasynyň EHM üçin progammasyny işläp taýýarlan toparyna 218 belgili awtorlyk şahadatnama gowşurdy. Bu laboratoriýanyň alymlary we hünärmenleri geografik maglumatlar ulgamyndan peýdalanyp, Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleriniň interaktiw kartasyny düzdüler. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynda habar berilýär.

Karta arheologik ýadygärlikleriň sanawy we beýany barada, interaktiw kartanyň özüni, şeýle hem habarlaşmak üçin salgylary görkezýän internet sahypa görnüşindedir.

Sanly interaktiw kartada ýadygärlikleriň ady, ýerleşýän ýeri (welaýaty, etraby), etrap merkezine çenli aralygy ýaly maglumatlar, şeýle hem ýadygärlikleriň fotosuratlary bar.

Interaktiw kartada Türkmenistanyň çägindäki we serhetýaka döwletlerdäki ilatly ýerleri, suw desgalary (derýalar, köller), awtomobil ýollary, demir ýollar, Beýik ýüpek ýolunyň ugry gatlaklaýyn görkezilýär, relýefli we älemden alnan suratlar bar.

Kartada ulaldylýan/kiçeldilýän usullar, ady boýunça binalary gözlemek usullary bar. Ýadygärlikleriň käbiriniň (Nusaý, Paryzdepe) 3d şekili bolup, olar bar bolan salgylarda aýratyn goşundylarda açylýar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Myhmanhanada Bolan Ýangynda Ýogalanlaryň Sany 78 Adama Ýetdi
Prezident Erdogana Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär
Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi
Türkiýäniň Strategik Göçümleri Gresiýanyň Gün-tertibinde
Medwedew Ukrainanyň territoriýasynyň paýlaşylýan kartany görkezdi
Halkara Anadoly Ankasy Türgenleşigi-2024-iň Metbugata Tanyşdyryş Bölümi Geçirildi