“Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk eden döwründe kabul edilen resminamalar” we “Hazar sammitlerinde kabul edilen resminamalaryň ýygyndysy” atly täze neşirler çapdan çykdy.
Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işjeň gatnaşyjysy bolup durýar. 2017-2019-njy ýyllarda ýurdumyz Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etdi. Şol döwür dürli derejedäki çäreler geçirildi we olaryň netijesinde degişli resminamalar kabul edildi.
Bularyň ählisi “Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk eden döwründe kabul edilen resminamalar” atly neşirde aýdyň beýan edilýär.Meselem, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen we Belarus Respublikasynyň, Gwineýanyň, Germaniýanyň, Gazagystanyň, Kanadanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň awtordaşlygynda “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Rezolýusiýa kabul edildi. 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen we 21 döwletiň awtordaşlygynda“Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Rezolýusiýa kabul edildi.
2021-nji ýylyň maýynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) nobatdaky mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan Aral boýunça geljekki ýörite maksatnamanyň taslamasy hödürlener.
Ikinji neşir Hazar sammitleriniň netijelerine bagyşlanan. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Hazar sammitleriniň we degişli resminamalaryň işlenip düzülmeginiň işjeň gatnaşyjysy bolup durýar. Hazar sammitleriniň geçirilmegine Türkmenistanda – 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda Ilkinji Hazar sammitinde badalga berildi. Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň VI Hazar sammiti Türkmenistanda geçiriler.
Şular ýaly neşirleriň çap edilmeginiň Türkmenistanyň sebitleýin düzümlerdäki işjeň roluny görkezýändigini bellemek gerek.