Türkmenistanyň alpinistleri Manaslu depesinde Döwlet baýdagyny dikdiler

Morinžgeologiýa hyzmat kärhanalar toparynyň işgärleri dünýäniň sekizinji beýik nokady bolan Gimalaý daglarynyň Manaslu depesine (8163 m) çykdylar. Onuň çür depesinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlady. Manaslu sözi sanskrit dilinden terjime edilende, Ruhlar dagy diýmekdir.

Bu dag depesine çykyşlygy Morinžgeologiýa HKT-niň dolandyryş toparynyň başlygynyň orunbasary Arno Ter-Sankowyň ýolbaşçylygynda Nepal tarapy ýola goýdy.Topara Latwiýanyň, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary gatnaşdy.Daga çykmaga gatnaşanlaryň hemmesi-de ozal Ewerest (8848 m), K2 (8611 m), Akonkagua (6962 m), Ama-Dablam (6814 m), Kilimanjaro (5895 m), Ararat (5165 m), Monblan (4810 m) we Matterhorn (4478 m) ) ýaly belli dag depelerine çykan tejribeli alpinistlerdir.

Bu depeleriň ählisinde-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylypdy.

Morinžgeologiýa kompaniýasy 1993-nji ýyldan bäri Ýewropanyň iň iri deňizlerinde giňişleýin inženerlik we geologik gözlegleri alyp barýar. Ýygnalan maglumatlar buraw, suw astyndan turba geçirmek we beýleki deňiz desgalarynyň gurluşygyny goşmak bilen, deňizdäki nebit-gaz taslamalarynyň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýär. Işleriň ählisi ýurdumyzyň we halkara ülňüleriň ýokary talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Dragon Oil ýaly halkara kompaniýalar bilen bilelikde alnyp barylýan taslamalaryň çäginde Morinžgeologiýa Jeýtun we Jygalybeg ýataklarynda geologik gözlegleri geçirýär.Bu maglumatlar Türkmenistanyň deňizdäki nebit-gaz baýlyklarynyň üstünlikli özleşdirilmegine goşant goşýar.

Maglumatlar meýdan gözlegleriniň dowamynda elektron görnüşinde ýazylýar, ýöne koordinatlary ýokary takyklykda kesgitlemek üçin differensial GPS hemra ulgamy ulanylýar. Ýygnalan maglumatlar ygtyýarnama alan geologik maglumat we awtomatik taslama programma üpjünçiligi önümleri bilen işlenip teswirlenýär.

Russiýanyň Nebit-gaz gurluşykçylary bileleşiginiň agzasy bolmak Morinžgeologiýa HKT-ä bu pudagyň öňdebaryjy şereketleri bilen işjeň hyzmatdaşlyga we inženerlik hem geologik agtaryşlar pudagyndaky soňky üstünliklere belet bolmaga mümkinçilik berýär.

Bu barada www.turkmenistan.gov.tm internet saýtynda habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Administratiw temmi alan raýatlar, esgerler pagta ýygymyna mejbury çekilýär, býujetçiler pul töleýär
Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer A.Ýazmyradowyň we häkimleriň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi
Ähli ulgamlarda ösüşiň täze belentliklerine tarap
Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna badalga berildi
Türkmenistanyň 3 welaýatynda galla oragyna girişildi