Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Manamada geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş edýärler

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Manamada geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş edýärler

Türkmenistanly 8 türgen Manamada (Bahreýn) geçirilýän agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda çykyş edýär. Bu ýaryşa 92 ýurtdan 471 agyr atletikaçy (245 erkek, 226 zenan) gatnaşýar.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna 7 ştangaçy türgen girýär: Bunýad Raşidow (73 kg çenli), Bektimur Reýimow (73 kg çenli), Gaýgysyz Töraýew (81 kg çenli), Resul Rejepow (96 kg çenli), Şahzadbek Matýakubow (102 kg çenli),

Döwranbek Hasanbaýew (102 kg çenli) we Atajan Daiýew (109 kg ýokary). Zenanlar ýygyndysyna bolsa bir türgen 2018-nji ýylyň dünýä çempiony, 45 kg çenli agram derejesindäki Ýulduz Jumabaýewa (59 kg çenli) gatnaşýar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionatyna Antalýada taýýarlyk gördi. Biziň türgenlerimiz bu ýerde esasy tälimçi Mansur Rejepowyň ýolbaşçylygynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Gülnabat Kadyrowa agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy
Bahreýnde agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy
Talyp türgenler Olimpiýa oýunlarynda
Selim Nurmyradow täze toparyndaky ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi
Bahreýn patyşalygynyň premýer-ministri Halifa bin Salman Al Halifa aradan çykdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi