Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy Aşgabatda türgenleşip başlady

Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy Aşgabatda türgenleşip başlady

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça erkekler we zenanlar ýygynysy şu gün Gökderedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlap, türgenleşikleri paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde dowam etdirmäge girişdi. Milli ýygyndymyzyň hatarynda dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa, Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa ýaly ussatlarymyz hem bar.

Agyr atletikaçylarymyz şu güne çenli Gökdere jülgesindäki Nebitçi sagaldyş we dynç alyş merkezinde türgenleşdiler. Aşgabatdaky türgenleşikler 5-nji dekabra çenli dowam eder. Şondan soň biziň ildeşlerimiziň 7 ― 17-nji dekabr aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Hemişe bolşy ýaly, türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyndan ýurdumyza baýrakly orunlar bilen dolanmagy meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda çempionata gatnaşmak üçin 12 agyr atletikaçymyz türgenleşýär.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň türgenleriň ikisine agyr atletika boýunça dünýä çempiony bolmak başardypdy. Şolaryň biri Altymyrat Orazdurdyýew bolsa (1993-nji ýyl), ikinjisi Ýulduz Jumabaýewadyr (2018-nji ýyl). Bu türgenleriň ikinjisiniň hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda çykandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Kolumbiýada geçjek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň ýygyndysynyň agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşarlar
Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň çykyşlarynyň tertibi
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Oleg Kononenko nobatdaky gezek kosmosa çykar, Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlanýar we beýleki habarlar