Türkmenistanyň agyr atletika boýunça federasiýasyna çetleşdirilen trener bilen işleşeni üçin DGBA gadaganlygy abanýar

2015-nji ýylda doping ulanandygy üçin ýaryşmakdan çetleşdirilen 37 ýaşyndaky ştangaçy Umurbek Bazarbaýew, Dopinge garşy bütindünýä agentliginiň (DGBA) gadagan edendigine garamazdan, Türkmenistanyň agyr atlketika boýunça federasiýasy tarapyndan trenerlik (tälim berijilik) işine çekildi.

Indi Bazarbaýewiň hem özüne, hem-de Türkmenistanyň agyr atletika boýunça federasiýasyna gadaganlyk howpy abanýar diýip, “Гундогар” saýty “Insidethegames.biz” neşirine salgylanyp habar berýär.

2015-nji ýylda Hýustonda (ABŞ) geçirilen Dünýä çempionaty mahalyndan barlananda, Bazarbaýewiň anaboliki steroid unanadygy belli boldy we ol 4 ýyl möhlet bilen (2019-njy ýylyň 10-njy dekabryna çenli) ýaryşlara gatnaşmakdan mahrum edildi.

DGBA-nyň dopinge garşy kodeksiniň 10-njy maddasyna laýyklykda, ýaryşlara gatnaşmakdan mahrum edilen sportsmeniň gadaganlygyň dowam edýän wagtynda ýaryşlara ýa-da sport bilen baglanyşykly beýleki işlere hiç bir görnüşde gatnaşmaga hukugy bolmaýar.

Eger sportsmen bellenilen gadaganlygyň düzgünlerini bozsa, bu ýagdaýda ol birinji möhletiniň üstüne goşmak bilen, ikinji möhlet ýaryşlara goýberilmezlik gadaganlygyny alýar.

Emma muňa garamazdan, gürrüň edilýän sportsmeniň ady türkmen döwlet habar serişdelerinde milli komandanyň baş tälimçisiniň kömekçisi hökmünde ençeme gezek agzaldy.

Mundanam başga, Umurbek Bazarbaýew üýtgedilen at bilen, “Umurbek Bazarow” diýlip, Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (AAHF) resmi saýtynda hem iň gowy türkmen ştangaçysy Kristina Şermetownyň şahsy tälimçisi hökmünde göni görkezildi, Şermetowa geçirilen Dünýä çempionatrynda şahsy rekord goýup, 7-nji orny eýeledi.

AAHF-nyň baş direktory Attila Adamfiniň sözlerine görä, Bazarbaýewiň trener bolup işleýändigi olara birnäçe aý ozal mälim boldy. “Şunuň bilen baglylykda biz ol babatda degişli prosedura başladyk we ol prosedura şindi tamamlananok” diýip, Adamfi aýtdy.

Ýaryşlara gatnaşmakdan mahrum edilen Bazarbaýewiň trener bolup işleýändigi baradaky maglumaty DGBA “Gündogar” neşiriniň žurnalistleri ýolladylar. Şondan soň türkmen metbugatynda onuň adyny agzamagy bes etdiler.

Bazarbaýewiň komanda bilen awgustdan soň hem işläp-işlemändigi belli däl, emma “Tündogar” tarapyndan toplanan materiallar onuň trenerlik wezipesine 2016-njy ýylda bellenendigini we iki ýyla golaý işäldnigini tassyklaýar. Hususan-da, Bazarbaýew awgustyň başynda, komandanyň Dünýä çempionatyna taýýarlygynyň çäklerinde, Gürjüstandaky trenerler ýygnanyşygyna gatnaşdy.

Belgiýanyň agyr atletika boýunça federasiýasynyň prezidenti we AAHF-nyň arassa sport boýunça komissiýasynyň agzasy Tom Gegeburyň sözlerine görä, “Trener sportsmeniň töweregindeki iň täsirli şahslaryň biri bolup durýar. Ahlak nukdaý nazaryndan ýaryşlardan çetleşdirilen treneri ulanmak ýol berilmezi zat”.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow türkmen ştangaçylarynyň çykyşyndan nägile boldy
Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasyna, türgenine WADA-nyň sanksiýalary girizilmegi mümkin
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna kesgitlenen sport görnüşleri boýunça Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlarynyň düzümini tassyklady
Agyr atletikaçy Kristina Şermetowa 55 kg çenli agramda Tokio Olimpiýa oýunlarynda güýçlileriň altylygynda
08.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda