Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalary OST-nyň üstünlikleri hakynda gürrüň berdiler

13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary üçünji gurultaýy boldy.

Mejlisiň barşynda “delegatlar türkmen liderine obanyň hemme taraplaýyn ösdürilmegi barada edýän yzygiderli aladasy üçin minnetdarlyklaryny bildirdiler” diýip, TDH döwlet habar gullugy ýazýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň Agrar partiýanyň lideri-de, agzasy-da däldigini bellemek gerek.

Partiýanyň agzalary öz çykyşlarynda döwletiň hemme taraplaýyn goldawy, iri döwlet inwestisiýalary, şeýle-de OST-nyň ähli önümçilik infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylyşy barada gürrüň etdiler.

“Oba senagat toplumy üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap traktorlary, kombaýnlar, ekiş gurallary we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.Ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiliginiň, suwaryş ulgamynyň gowulandyrylmagy, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, täze tarp ýerleriň özleşdirilmegi, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, gök ekerançylykda we maldarçylykda tohumçylyk işiniň ösdürilmegi boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar” diýip, döwlet habar gullugy çykyş edenleriň birini sitirleýär.

Şol bir wagtda, “Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, Daşoguz welaýatynyň prokuraturasy pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirmedik kärendeçileri soraga çagyrýar.

Kärendeçiler döwletiň özlerine wagtynda dökün, tehnika bermeýändigini we şertnamada göz öňünde tutulan ýer bejeriş, sürüm işlerini etmeýändigini aýdýarlar.

Ýatladýarys, prezident 2017-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň oba senagat toplumynyň işinden ençeme gezek nägilelik bildirdi. Özem bu nägilelik her kwartalda döwlet mediasynda bugdaý, pagta, güýzki we ýazky ekişi planlarynyň we beýlekileriň doldurylandygy barada berilýän habarlaryň fonunda bildirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň noýabrynda oba senagat toplumyndaky korrupsiýa sebäpli Lebap we Mary welaýatlarynda birnäçe häkimi wezipesinden boşatdy.

Dekabr aýynda bolsa, işinde goýberen kemçilikleri üçin oba we suw hojalygy ministri Nursähet Sapardurdyýew wezipesinden boşadyldy.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow egindeşlerine käýinip, Azyk howpsuzlygy komissiýasyny döretdi
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde korrupsiýa jenaýatlary barada gürrüň berildi
Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarlar?
Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawyndaky ynamly ýeňşi bilen gutlady
Erdogan: "Türkiye Palestinanyň halky bilen doly raýdaşlyk içindedir" diýdi
Dalaşgär hökmünde bellige alyndy