Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wajyp başlangyçlary

Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wajyp başlangyçlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň ýokary derejeli forumynda çykyş etdi

Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gazylyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir” mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy “tegelek stoluň” başyndaky maslahata gatnaşdy. Onlaýn görnüşdäki maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş geçirdi.

Oňyn bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan BMG bilen gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu hyzmatdaşlyga strategik häsiýet mahsusdyr. Toplanan baý tejribä daýanmak arkaly häzirki döwürde däp bolan hyzmatdaşlyk çägini giňeldýär we täze ugurlary öz içine alýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň binýatlaýyn Konwensiýalaryna we resminamalaryna, şol sanda howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmak arkaly, türkmen döwleti öz üstüne alan borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirýär hem-de ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge özüniň parahatçylyk söýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini gönükdirýär.

Durnukly ösüş maksatlaryna milli derejede uýgunlaşan ilkinji ýurtlaryň biri bolmak bilen, Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar hem-de toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde Durnukly ösüş maksatlarynyň binýatlaýyn mümkinçiliklerini işjeň ulanmak arkaly, bu ugurda zerur tagallalary yzygiderli esasda alyp barýar.

Ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek, energiýanyň hemmeler üçin elýeterli, ygtybarly we häzirki zaman çeşmelerine bolan gatnaşygyny üpjün etmek boýunça dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň halkara başlangyçlary Durnukly ösüş maksatlaryny, şol sanda ykdysady, durmuş we ekologiýa häsiýetli meseleleri durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine goldaw bermäge gönükdirilendir.

BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy boýunça bu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk soňky birnäçe aýyň dowamynda BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň goldaw bermeginde BMG-niň sebit ykdysady toparlarynyň, howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça Hereketler toparynyň, BMG-niň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň, daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň we “СOVID-19 ýokanjy döwründe we ondan soňky pursatlarda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça başlangyçlaryň” çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň geçiren “tegelek stollarynyň” tapgyryny jemleýär.

Bu foruma birnäçe döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, ministrler, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň bilermenleri, hususy pudagyň we raýatlyk jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň baş maksady ählumumy, sebit hem-de milli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge ýaramaz täsir edýän howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin anyk hereketleri we teklipleri kesgitlemekden ybaratdyr.

Gazyp alýan pudaklaryň, şol sanda nebit, gaz we dag-magdan senagatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Zyýanly gazlaryň howa zyňylmagyny azaltmakda bu pudaklara möhüm orun degişlidir. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek, СOVID-19 ýokanjy zerarly emele gelen çökgünlikden soň, ykdysadyýeti dikeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy serişdeleri netijeli dolandyrmak, “ýaşyl energetika” geçmek, ekologiýa taýdan arassa we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, tehnologiýalara we innowasiýalara maýa serişdelerini gönükdirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen duşuşykda onlaýn tertipde çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini taýýarlamak, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ygrarlydygyny belledi.

BMG-niň Baş sekretaryna şunuň ýaly wekilçilikli halkara foruma gatnaşmagyna iberen çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşky gurşawa senagat galyndylarynyň zyňylmagy bilen emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli alada edýändigini hem-de bar bolan töwekgelçilikleri, wehimleri azaltmaga gönükdirilen halkara tagallalarynyň ýygjam utgaşdyrylmagyna we ylalaşykly hereket edilmegine ygrarlydygyny belledi.

Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna gyşarnyksyz we ählumumy ygrarlylygyň bu ugruň möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýaryn. Hut şol resminama asyrymyzyň ählumumy ekologiýa we tebigaty goraýyş gün tertibini kesgitlemäge, ony ýerine ýetirmek ugrunda halkara hukuk gurallarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu düýpli resminama goşulmak bilen, Türkmenistan BMG, beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen ony hemmetaraplaýyn utgaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.

Häzirki döwürde Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalara laýyklykda, Türkmenistanda BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldaw bermeginde howanyň üýtgemegi hakynda Dördünji milli maglumaty hem-de Birinji ikiýyllyk maglumaty taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu resminamalaryň ikisi hem 2023-nji ýylyň başynda BMG-niň sekretariatyna hödürlener.

Senagaty ösdürmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde ozon gatlagyny goramak babatda iki iri taslamany amala aşyrmaga taýýarlyk işlerini alyp barýarys. Şeýle hem bu we beýleki halkara düzümler, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Dünýäde iri serişde öndüriji ýurtlaryň biri bolan bilen we bu ugurda öz jogapkärçiligine doly düşünýän Türkmenistan önümçilik maksatlary bilen daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleriň arasynda deňeçerligi saklamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýar.

Howanyň üýtgemegi hakynda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi zerur hukuk, guramaçylyk we tehnologik şertleri üpjün etdi. Munuň özi ekologiýa wezipelerini ýerine ýetirmek üçin zerurdyr we uýgunlaşma çäreleriniň sanawyny düýpli giňeltmäge hyzmat eder.

Häzirki döwürde bu sanaw döwletimiziň hem-de ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ykdysady we önümçilik ulgamyny dolulygyna öz içine alýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň uglerod göterimi yzygiderli peselýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe maglumatlary mysal hökmünde beýan etdi.

Türkmenistanyň Üçünji milli maglumatlarynyň çäklerinde geçirilen bilermenleriň bahalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli döwürde ykdysadyýetiň ösüşi jemi içerki önümiň birligine görä energiýa sarp edilişiniň udel agramy peseler. Şeýlelikde, ugleturşy gazyň zyňyndylarynyň möçberini 2025-nji ýylda 122 göterime çenli, 2030-njy ýylda bolsa 118,1 göterime çenli peseltmek göz öňünde tutulýar.

Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda tokaýlary dikeltmek, howa şertleriniň täsirini peseltmek üçin ýerden peýdalanmak usullaryny gowulandyrmak ugrunda uýgunlaşdyryjy çäreler giňden ornaşdyrylýar. “Gök guşak” umumymilli maksatnamasynyň çäklerinde, suwaryşyň oňyn suw tygşytlaýjy usullaryny ulanmak arkaly, şäherleriň töwereklerinde ägirt uly meýdanlary tutýan tokaý zolaklary döredildi. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda goşmaça 30 million düýp bag nahallaryny ekmek meýilleşdirilýär.

Bu işler uzak geljegi nazarlamak bilen, maksatnamalaýyn esasda we netijeli, şol sanda döwlet-hususy pudak gatnaşyklary esasynda alnyp barlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň çynlakaý ekologiýa wehimlerine garşy durmakda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine we berkidilmegine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistan birnäçe anyk hem-de gaýragoýulmasyz başlangyçlary teklip edýär.

Hususan-da, BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmek zerurdyr. Ikinji teklip bolsa BMG-niň howandarlygynda energetikanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasyny” döretmek wehimdir.

Bu teklipleri öňe sürmek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň ýakyn wagtda bilermenleriň derejesinde olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny we esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, “tegelek stoluň” başyndaky maslahata gatnaşyjylara öňde goýlan maksatlara ýetmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň wideoýüzlenmesi oňa gatnaşyjylar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan milli Lideriniň ýolbaşçylygynda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny mälim etdi hem-de häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine deňeçer we öňdengörüjilikli çemeleşmeleri öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň giň goldawyna mynasyp bolan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen berkidilen başlangyçlary, sebit we ählumumy möçberde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde esasy ugurlar boýunça netijeli halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini esasy ugur edinýän täze teklipleri munuň aýdyň beýanydyr.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29742

Ýene degişli makalalar

Guterriş Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary boljakdygyny aýtdy
Türkmenistan we BMG köptaraply hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Guterriş Ýakyn Gündogarda ýaraşygyň ýola goýulmagy barada çagyryş berdi
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we BMG-niň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň ösdürilişini maslahatlaşdylar
Ersin Tatar Guterrişiň Duşuşyk Teklibini Kabul Etdi
Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli