Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler girizildi

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler girizildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler girizmek barada Kanuna gol çekdi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde duşenbe güni habar berildi.

2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen täze Kanun raýata pensiýa we goşmaça tölegleri bellemek hukugynyň möhletleriniň bozulandygy ýa-da resminamalaryň nädogry berlendigi üçin jerimeleri göz öňünde tutýar.

Girizilen üýtgetmelere laýyklykda, iş berijiler we arhiw edaralary bellenilen möhletde resminamalary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna tabşyrmadyk halatynda binýatlyk ululygyň üçden bäş möçberinde jerime salnar. Jerimäniň tölenen wagtyndan bir ýylyň içinde bu bozulma gaýtalanan ýagdaýynda ol jerimäniň binýatlyk ululygynyň 10-na çenli artdyrylmagyna getirer.

Mundan başga-da, pensiýa we goşmaça tölegleri bellemekde nädogry resminamalaryň berlen ýagdaýynda ýolbaşçy adamlara salynýan jerimäniň möçberi binýatlyk ululygyň bäşden on möçberinde bolar. Hukuk bozulmasy bir ýylyň dowamynda gaýtalansa, jerime 15 binýatlyk ululygyna çenli artdyrylar.

Ýene degişli makalalar

Döwrebap hukuk özgertmeleri amala aşyrylýar
Balkanda häkimiýetler ilat we býujetçiler bilen wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýärler, sorag berenleri soraga çekýärler
2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýän kanunlar
Täze ýyl baýramynda partlaýjy ulanjak okuwçylara türme tussaglygynyň abanýandygy duýdurylýar
Täze ýyl bezegleri üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar
Türkmenistanda görnetin galp mahabatyň peýdalanylandygy üçin administratiw jerime salnyp başlanar