Türkmenistanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Katar Emirine ynanç hatlaryny gowşurdy

17-nji awgustda Katar Döwletiniň Emiriniň köşgünde Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Ýolbaşçylygynyň adyndan iberilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli we dostlukly salamlaryny, Türkmenistanyň halkyna bolsa özüniň iň gowy parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Milli güni bilen gutlady
Aşgabatda Kataryň Milli gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen ilçisi Kataryň Emirine ynanç hatlaryny gowşurdy
Türkmenistan we Katar medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny