Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Fransiýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

13-nji oktýabrda Pariž şäherindäki Ýeliseý köşgünde Ilçi M.Çaryýewiň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan iberilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli we dostlukly sözlerini, Türkmenistanyň halkyna bolsa öz iň gowy parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Fransua Baýru Fransiýanyň täze Premýer-ministri boldy
Makron ygtyýarlylyk möhleti tamamlanýança wezipesinde galjakdygyny yglan etdi
Asylly işler rowaçlyklara beslenýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Er-Riýadda geçirilen “Bitewi suw” sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Er-Riýadda Bitewi suw sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
Notr-Dam ybadathanasy açylar