Adam hukuklary baradaky “Türkmen inisiatiwasy” Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýy hakynda nobatdaky synyny taýýarlady
Ýurt Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda
Aziýa oýunlarynyň ýakynlamagy bilen Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy düýpli ýaramazlaşdy.Häkimiýetler, ozalkylary ýaly, ýurduň ýaşaýjylarynayAziadanyň zerurlyklary üçin pul tölemäge mejbur edýärler, ähli ýerde, hatda öz gönüden-göni ýaşaýan ýerleriniň çäginde hem ilatyň hereket azatlygyny çäklendirýärler, aýratyn goragsyz toparlary bolsa kemsidýärler.
Ozalky hasabatlarda hem bellenilişi ýaly, metbugatyň öňünde dünýäniň nazarynda ýurduň oňyn keşbini döretmek wezipesi goýlan we bu ýagdaý garaşsyz žurnalistleriň we aktiwistleriň ýanalmagynyň has-da güýçlenmegine alyp geldi.
Häkimiýetleriň býujet edaralarynyň işgärleri babatdaky eden-etdilikli çäreleri
Býujet edaralarynyň işgärleri, mazmuny boýunça, şu günki Türkmenistanyň ilatynyň iň bir hak-hukuksyz topary bolup durýar.Döwlet olaryň hukuklaryny işlerini ýitirmekden gorkup arz etmejeklerine düşünmek bilen, gizläp-ýaşyrmazdan basgylaýar.
Aýdaly, 2017-nji ýylyň awgust aýynyň aýagynda Aşgabat şäherinde Jemagat hojalygy mninistrliginiň kärhanalarynyň birnäçesiniň işgärleriniň pasportlaryny, hamala paýtagt propiskasyny barlamak üçin, ýygnap aldylar.Raýatlar alanan dokumentlerini yzyna almak üçin 200 manat (döwlet kursunda $57-ä golýaý, “gara bazar” kursunda $30-a golaý) töleg tölemeli boldy.
Işgärlere bu puluň 150 manadynyň Aziadanyň açylyşyna gitjekdigi, 50 manadynyň bolsa öz atlaryndaky surat ýelmenen dokumentlere beýjiklere harçlanjagyny aýtdylar.Bu dokumentsiz olara olimpiýa şäherçesiuniň territoriýasyna barmak gadagandy. Öz pasportlaryny 200 manada yzyna satyn almakdan boýun gaçyran işgärlere işden boşadylmak haýbatyny atdylar.
Aziadanyň tomaşaçy-janköýerleri hem býujet işgärleriniň arasyndan seçilip alyndy. Munuňam üstesine, seçgiden geçmek üçin, üç garyndaşlaryň hakynda maglumat bermeli edildi. Dogan-garyndaşlarynyň arasynda “şübheli-gümnaly” adam bolanlar seçgiden geçirilmedi.
Hereket çäklendirmesi
Eýýäm awgust aýynyň aýagyndan MIR 1 we MIR 2 mikroraýonlarynyň Olimpiýa şäherçesi tarapyndan trotuarlaryň öňünden haýat-päsgelçilik göýuldy: ýaşaýjylara mikroraýonlar tarapdaky ýanýoldan ýöremek gadagan edildi. Olar diňe jaýlaryň howlusynda hereket edip bilýärdi. Olimpiýa şäherçesiniň garşysynda ýerleşýän jaýlaryň ýaşaýjylaryna äpişgelerini açmagy, çagalary ýa goňşulary bilen Olimpiýa şäherçesine tarap çykýan girelgeleriň agzynda oturmagy gadagan etdiler.
MIR 1, MIR 2, MIR 3, MIR 4 mikroraýonlarynyň ýaşaýjylaryna sagat 22:00-dan soň jaýlarynyň ýanynda gezelenç etmek bolanok. Şu sebäpden adamlaryň gije wagtynda, işden soň öýlerine barmagynda kynçylyk, problema döredi. Gije ýarymdan soň öýlerine gelýärkä nobatçy polisiýa tarapyndan saklanan we raýona goýberilmedik adamlar barada maglumatlar bar.
Internet elýeterliligi. Garaşsyz habar resurslarynyň gabawy
Hukuk goraýjylaryň maglumatlaryna görä, Olimpiýa şäheriniň territoriýasyndaky myhmanlar internetden päsgelçiliksiz peýdalanyp bilýärler, emma muny Türkmenistanyň raýatlary babatda aýdyp bolmaýar. Ýurtda, öňküleri ýaly, sosial ulgamlardaky meşhur sahypalaryň ählisi (Вконтакте, Facebook, WhatsApp) petiklengi, awgust aýynda bolsa “Одноклассники” saýtyny hem petiklediler.
Giň gerimli DDOS-hüjümleri aýratyn alada döredýär.
Awgustyň başynda, awtomatiki ýaragdan we sapançadan ok atmakda hem pyçak zyňmakda deňsiz’ ussatlygyny görkezen prezident Berdimuhamedow barada taýýarlan kinaýaly wideosy sosial ulgamlara ýaýrap, günbatar mediasynyň ünsüni özüne çekenden soň, AHTI-niň saýty hem şeýle hüjüme sezewar boldy.
Söz azatlygy. Garaşsyz aktiwistleriň we žurnalistleriň yzarlanmagy
Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň žurnalisti Soltan Açylowa öz garaşsyz işi üçin birnäçe gezek hüjüme sezewar edildi. 67 ýaşyndaky aýala iýul aýaynyň aýagynda iki gezek hüjüm etdiler.
27-nji iýulda, ir sagat 11. 40-da Açylowa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýayndnaky Maglumat merkezinden çykýar we awtobusa münýär.Ol awtobusda oturan ýerinden aýnanyň aňyrsyndaky görnüşleri surata düşürmekçi bolýar.
Emma bir nätänyş erkek onuň goşaryndan tutýar.Hamala, ol erkegiň aýtmagyna görä, Açylowa onuň “aýal doganynyň suratyny alyp, ol fotosuraty internetde goýanmyş”.Ertesi güni, 28-nji iýulda, ir sagat 10.15-e golaý Açylowa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Maglumat merkezinden çykyp, awtobus duralgasyna gelýärkä, ýolda otlary gyrkyp ýören gyzyň suratyny almakçy bolýar.
Açylowa ol gyzdan rugsat sorýar, emma oňa nätanyş bir adam (20-22 ýaşalrynda) topulyp, žurnalistiň elini gaňyrmaga başlaýar.Açylowanyň ýanyna bir tanşy gelýär we ol adam onuň elini goýbermeli bolýar, emma ol haýbat atmagyny dowam etdirýär.
Açylowa awtobusa münende ol adam hem yzy bilen awtobusa münýär we “Meniň seni awtobusdan düşeňde nädýänimi görersiň” diýýär.Açylowa mobil telefonda garyndaşlary bilen habarlaşyp, olaryň biriniň özüni duralgada garşy almagyny haýyş edýär.
Hukuk goraýjylaryň maglumatlaryna görä, hüjümden soň Açylowanyň öýüniň ýanynda hemişe näbelli adamlar gözegçilik edýärler.
Ozalky hasabatlarda tanymal raýat aktiwisti Natalýa Şabuntsa psihologiki basyş edilişi barada bireýýäm habar berlipdi. Awgust aýynda onuň garşysyna açyk prowokasiýa gurnalýandygy mälim boldy.
Natalýa 20-nji awgust güni ir säher, adatça bolşy ýaly, itlerini gezdirmäge çykanda, onuň ýanynan iki sany ýaş türkmen aýaly geldi. Olaryň ýanlarynda çagalary hem bardy.
Rus doňzy! Diňe ruslar öýlerinde it saklaýarlar! Olaryň itleri biziň çagaalrymyzy gorkuzýar! diýip, ol aýallar patdyk-sutdyk rusçalap, türkmençe her hili sögünçli, masgaralaýjy sözleri aýdyp, onuň üstüne gygyryp başalýar.
Şabunts ol aýallardan çekilip, jaýa tarap gitjek bolýar, emma ol ýallar onuň yzyndan galmaýar.Natalýa ýolda duşan erkek adamlardan arka tapmaga synanýar, emma olar Natalýan masgaralaýan aýallara goşulýarlar.
Olar onuň yzyndan: “Dur, nirä gaçýarsyň, haýwan?Gel gürleşeli!.Biz öz ajaýyp ýurdumyzda örän gowy ýaşaýarys!Isleýşimiz ýaly ýaşaýarys!Sen bolsaň öz Russiýaňa gümüňi çek!” Natalýa goňşy jaýlaryň ýaşaýjylaryndan, adatça irden şol ýerdäki kiçiräk dükanyň ýanyna toplanýan alyjylardan haraý gözläp, şolaryň ýanyna ýönelýär.
Emma dükanyň ýanynda duran erkekleriň hem birnäçesi ony masgaralap gygyrmaga başlaýar, bir inuň itini depmäge synanýar.Bu hüjüm diňe bir ýaşuly türkmen olary utandyranyndan soň tamam bolýar.Soňra bu ýagdaýy äpişgeden synlan goňşularyň Şabuntsa gürrüň bermeklerine görä, olar bu galmagaly başlan iki ýaly bu töwerekde ozal hiç wagt görmändirler.
Emma olar bu aýallara goşulan erkeleri Natalýanyň ýaşaýan jaýynyň girelgesinde köp görüpdirler.
“Şübheli” raýatlara gözegçilik
Awgustyň aýagynda Türkmenistanyň regionlaryna Aşgabatdan güýç gulluklary MHM, polisiýa we Migrasiýa gullugynyň işgärleri tarapyndan Aziada geçirilýän döwründe aýratyn esewan bolmaly adamlaryň sanawy gelip gowuşdy.Bu sanawa ozal sud edilen adamlar, polisiýanyň hasabynda durýan raýatlar (şol sanda bozgaklar, arakhorlar, neşekeşler), psihi näsaglaryň keselhanasynda hasapda durýan näsaglar girizildi.
Mundanam başga, ýörite gulluklaryň nukdaý nazaryndan “şübheli” hasaplanylýan aýry-aýry raýat aktiwistleri, olaryň garyndaşlary sanawa salyndy.Uçastoklaryň polisiýa ofiserleri sanawda görkezilen adamlaryň ählisine telefon edip, olaryň polisiýa uçastogyna gelmegini, haýsydyr bir dokumente gol çekmegini talap etdiler.
Bu ýerde ol adamlaryň suratlaryny hem aldylar. Şol bir wagtda, güýç gurluşlarynyň wekilleri birinji kategoriýadaky (jenaýatçylyga ýykgyn edýän) adamlara beýle bir sypaýyçylyk edip durmadylar we boýun egmeseler, olary güýç bilen alyp gaýdyp, uçastoga getirdiler. “Şübheli” adamlar bilen bolsa polisiýa işgärleri sypaýyçylykly gürleşdiler we olaryň uçastoga (surata düşmek we gol çekmek üçin) baryp gaýtmaklaryny soradylar.
Dereksiz ýitenler
Onlarça syýasy tussag ýurduň türmdelerinde daşarky dünýäden üzňelikde, hiç kim bilen habarlaşdyrylman saklanýar.Tussaglar daşarky dünýä bilen aragatnaşyk saklamaýar, garyndaşlaryna olaryň saklanýan ýeri barada hiç bir zat aýdylmaýar.
Halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň häkimiýetlerini türkmen türmelerindäki tussaglary izolýasiýada saklamak praktikasyny bes etmek barada eden yzygiderli çagyryşlary ýagdaýyň üýtgemegine getirmedi.Diňe tussag ýogalan ýagdaýynda onuň ykbaly belli bolýär. Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň 10-njy awgustynda ýurduň prezidentiniň gorag gullugynyň ozalky başlygy Akmyrat Rejebowyň aradan çykandygy belli boldy.
Türkmenistanyň Ýokary sudy 20017-nji ýylyň 27-nji iýulynda Rejebowy Jenaýat kodeksiniň alty maddasy esasynda günäli tapyp, 17 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.Akmyrat Rejebow suddan soň türmä salyndy we, halkara we milli kanunçylyk normalaryna ters gelýändigine garamazdan, 10 ýylyň dowamynda daşarky dünýäden üzňelikde, hiç kim bilen görüşdirilmän saklanyldy.
Rejebowyň ady “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň, türkmen türmelerinde soňky 15 ýylda dereksiz ýiten 100-den gowrak “aýratyn bendiniň” ykballary hakyndaky maglumatlaryň açylmagayna çagyrýan sanawyna girizildi.
Jaýlaryň ýykylmagy
Ýurtda adamlaryň ýaşap oturan jaýlarynyň ýykylmagy we emlägini ýitiren raýatlara deň derejeli jaý ýa kompensasiýa berilmezligi ozalkylary ýaly aktuallygynda galýar.Aýdaly, Aşgabatda Atamyrat Nyýazow (ozalky Hudaýberdiýew) we Mir köçleriniň ugrundaky hususy jaýlary ýykmaga başladylar.
Häzirki wagtda 35 jaý ýylyldy, umuman alnanda 100-e golaý jaý ýykylmaga degişli edildi.Paýtagt häkimiýetleri jaýlary ýykylanlaryň hemmesini jaý bilen üpjün etmek mümkinçilikleriniň ýokdugyny boýun alýarlar.Olar ýaşaýjylara wagtlaýyn garyndaşlarynda ýaşamagy ýa kireýine jaý tutmagy maslahat berýärler.