Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Adalatçysy ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili  Adalatçysy ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili bilen duşuşdy

Aşgabatda Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili — Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýronyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň ýurduň durnukly ösüşini we halkynyň abadançylygyny üpjün etmekden ybarat bolan Türkmenistanda dowam edýän syýasy we ykdysady özgertmeler hakda bellenilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, Milli adam hukuklary institutynyň işleri we Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň edarasynyň işlerini güýçlendirmek üçin görülýän çäreler baradaky maglumatlar Tereza Ribeýronyň dykgatyna ýetirildi.

Ýazdursun Gurbannazarowa Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň edarasynyň ýurduň adam hukuklaryny goramakda garaşsyz düzümdigini we onuñ işiniň adam hukuklaryny, şol sanda söz azatlygyny we maglumata erkin elýeterliligi goramaga gönükdirilendigini aýtdy.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Tereza Ribeýro adamlaryň söz azatlygyna bolan hukuklaryny goramak ugrunda alnyp barylýan özgertmelere ýokary baha berdi hem-de iki garaşsyz edaranyň adam hukuklaryny goramakdaky möhüm ornuna üns çekdi.

Duşuşygyñ ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene degişli makalalar

ÝHHG wekili türkmen häkimiýetlerini media azatlygy boýunça borçnamalary berjaý etmäge çagyrdy
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Gruziýada saparda bolýar
Adalatçynyň täze hasabaty adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyny nähili wasp etdi?
Türkmenistanda Adalatçynyň 2023-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty çap edildi
Türkmenistan we Gruziýa adam hukuklary babatda tejribe alyşdy
Türkmenistanyň Adalatçysy Ženewada Adam hukuklarynyň Ählumumy jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli çärelere gatnaşdy