Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa Stambulda geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli adam hukuklary institutlarynyň sebitleýin maslahatyna gatnaşdy.
Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiriniň berýän habaryna görä, duşuşyga halkara hünärmenler we beýleki adam hukuklary boýunça milli guramalaryň wekilleri hem çagyryldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar milli adam hukuklary guramalarynyň işindäki esasy meseleler, şol sanda degişli halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem duşuşykda howanyň üýtgemegi we işewürlik netijesinde adam hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan sebitleýin kynçylyklar barada pikir alyşyldy.
Çäräni BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň Sebit bölümi we Stambuldaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Sebitleýin Merkezi gurady.
Ozal Türkmenistanyň Adalatçysynyň Moskwada tejribe alyşmaga gatnaşandygyny habar beripdik.