
Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça ýygyndy topary Hançjou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlaryna Maldiw adalarynyň üstünden uly hasapda gazanylan ýeňiş bilen girişdi. Duşuşyk 22:2 hasabynda türkmen basketbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Ýewgeniý Nazipow, Döwlet Narmyradow, Maksat Hojaberdiýew hem-de Kirill Beş çykyş etdi. Topara Toýly Baýryýew baş tälimçilik edýär.
Türkmen basketbolçylary indiki tapgyrda Ýaponiýanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar.
Ýeri gelende ýatlatsak, 23-nji sentýabrda badalga alan Aziýa oýunlary 8-nji oktýabra çenli dowam eder.
3х3 basketbol:
26-njy sentýabr
28-nji sentýabr
29-njy sentýabr