30-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty geçirildi.Onda kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi.Maslahatyň dowamynda parlamentariler ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda ýeten sepgitlerini, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmäge esasy çemeleşmeleri hem-de ýörelgeleri, onuň girdeji bölegini emele getirmegiň aýratynlyklaryny, oňa degişli beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistany durmuş ugurly döwlet hökmünde yzygiderli ösdürmegiň milli strategiýamyzyň esasy wezipeleriniň biridigini nygtap, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň serişdeleriniň aglaba böleginiň durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdiriljekdigini bellediler.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we täze iş orunlaryny döretmegiň hasabyna ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň netijeliligini artdyrmak üçin şertleri döretmegiň, adamlaryň saglygyny berkitmegiň, ömür dowamlylygyny uzaltmagyň, bilim, zehin we medeni mümkinçiliklerini ösdürmegiň, ýaşlar syýasatyny işjeňleşdirmegiň, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň 2025-nji ýylda hem bu syýasatyň esasy maksatlarynyň hatarynda boljakdygy aýdyldy. Şeýle hem maslahatda geljek ýyl üçin esasy maliýe-hukuk resminamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan ýerli býujetleriň görkezijilerine garaldy. 2025-nji ýylda telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak we içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Milli ykdysadyýetiň düzüminde hususy pudagyň paýyny artdyrmak işleri dowam etdiriler.Bu babatda bank we salgyt ulgamlaryny kämilleşdirmek, döwlet hem milli maksatnamalarda göz öňünde tutulan meýilnamalary amala aşyrmak üçin goşmaça maliýe çeşmelerini gözlemek, bazar institutlaryny özgertmegi dowam etdirmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Sporty ösdürmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny berkitmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga-da uly ähmiýet berler.Medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem ileri tutulýan wezipeleriň biridir.Deputatlar Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar.
Bu resminama düýpli hasaplamalara esaslanyp, döwletiň we jemgyýetiň serişde kuwwaty bilen berkidilendir hem-de hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat eder.Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Mejlisiň karary-da biragyzdan kabul edildi.
Soňra deputatlar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.
Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary-da ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem deputatlar Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksine goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda, Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda, Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda, Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda, Diplomatik gulluk hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hakynda Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda, Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.
Maslahatda başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi. /* custom css */ .td_uid_15_674da39167ffc_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674da39167ffc_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }